Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa: Gündogar Ukrainada alnan suratlara hüjüm edildi


Belarusly suratçy Alýaksandr Wasýukowiçiň zyýalanan suratlary, Moskwa
Belarusly suratçy Alýaksandr Wasýukowiçiň zyýalanan suratlary, Moskwa

Gündogar Ukrainadaky konfliktiň gidýän ýerinde düşürilen suratlary görkezmek üçin Moskwada guralan sergide ýerleşdirilen suratlara zeper ýetirildi.

28-nji sentýabrda Anton Belikow Dokumental suratlar merkezinde geçirilýän sergide belarusly suratçy Alýaksandr Wasýukowiçiň we ukrainaly Serhiý Loýkonyň düşüren suratlarynyň ýüzüne gyzyk reňk sepdi.

Suratlar Donetsk we Luhansk regionlarynda Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň 2014-nji ýylyň aprel aýyndan bäri orsýetçi separatistlere garşy söweşýän ýerlerinde düşürilipdi.

Özüni hudožnik diýip tanadan Belikow suratlaryň awtorlaryny “faşist” diýip atlandyrdy.

Belikow özüne garşy işiň gozgalan ýagdaýynda polisiýa bilen işleşmäge taýýardygyny VKontakte sosial ulgamyndaky sahypasynda 29-njy sentýabrda habar berdi.

XS
SM
MD
LG