Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rim papasy Azerbaýjana edýän saparyny tamamlady


Rim papasy Fransis we Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýew. 2-nji oktýabr, 2016 ý.
Rim papasy Fransis we Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýew. 2-nji oktýabr, 2016 ý.

Rim papasy Fransis Bakuwyň Heýdar metjidinde dürli dini liderler bilen geçiren duşuşygyndan soň, Azerbaýjana edýän bir günlük saparyny tamamlady.

Papa Fransis Azerbaýjanyň paýtagtyndaky metjitde musulman, ýewreý we Orsýetiň katolik kilisesiniň liderlerine “birek-biregimiz bilen bu ýerde duşuşmaklyk... dinleriň bilelikde gurup biljegi sazlaşygy görkezýän güýçli alamatdyr. Bu jogapkär şahslaryň hoşniýetli gatnaşyklaryna esaslanýar” diýdi.

Papa Fransis Azerbaýjana edýän 10 sagatlyk saparynyň çäginde prezident Ylham Aliýew bilen hem duşuşdy. Aliýew bu duşuşygy “taryhy” diýip atlandyrdy.

“Siziň Azerbaýjana edýän saparyňyz Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky gatnaşyklar, şol sanda siwilizasiýalaryň arasyndaky dialog üçin örän möhüm” diýip, Aliýew aýtdy.

Papa Fransis 2-nji oktýabrda Tbilisiden Bakuwa gelip, öňki Rim papasy Jon Pol II-niň 2002-nji ýylda bu ýurda sapar edeninden soň gurlan katolik ybadathanasynda ýygnanyşyk geçirdi.

XS
SM
MD
LG