Birleşen Ştatlaryň Demokratik partiýasynyň prezidentlige kandidaty Hillari Klinton bilen onuň respublikan bäsdeşi Donald Tramp 9-njy oktýabrda geçen göçgünli çekeleşikde ajy sözler bilen birek-biregi daladylar.
Tramp demokratlaryň kandidatyny "türmä basjakdygyny" aýtsa, Klinton bäsdeşiniň gylyk-häsiýetini ýiti tankytlap, ony Ak tama mynasyp dällikde aýyplady.
Igençli çekişmede Klinton bilen Tramp sanlyja gün mundan ozal peýda bolan bir wedeo ýazgy, şeýle hem hanym Klintonyň möhüm resmi dokumentleri aýawsyz saklandygy we Orsýet 8-nji noýabrda geçjek saýlawlara täsir etmäge synanyşýar diýilýän gürrüňlerde birek-biregi garaladylar.
St. Louisiň Waşington uniwersitetinde geçen çekişme 2005-nji ýyla degişli wideo medianyň eline geçip, Respublikan partiýasyny krizise batyranyndan, iki gün soňra gabat geldi. Bu wideoda Trampyň aýallar hakda paýyş sözleri aýtmagy sebäpli partiýanyň ýolbaşçy agzalary saýlawda oňa ses bermejekdiklerini aýtdylar.
"Meniňki diňe gürrüň, onuňky iş"
Tramp wideodaky sözleri özara boş gürrüňler diýip atlandyryp, olara özüniň begenmeýändigini belledi.
Ol soňra hem Birleşen Ştatlar üçin has möhüm meseleler "Yslam döwleti" atly ekstremistik toparyň döremegini "tutuş dünýädäki gandöküşiklik" diýip, sözüniň üstüne goşdy.
Tramp wideoda öwünip aýdýan zatlaryny aýallara etmändigini aýdyp, bäsdeşiniň adamsy, Amerikanyň öňki prezidenti Bill Klintony öz aýalyna biwepalyk edenlikde aýyplady. "Meniňki diňe gürrüň, onuňky iş" diýip, Tramp aýtdy.
Çekişmäniň dowamynda Hillari Klinton gürrüňi edilýän wideo ýazgy Trampyň prezidentlik ornuna mynasyp adam däldigiň ýene bir subutnamasy diýdi.
Reuters-Ipsos tarapyndan geçirilen bir pikir soraýyş 7-nji okrýabrdaky ýaryşda, Klintonyň Trampdan bäş prosent çemesi öňdedigini görkezdi. Wideo hem şondan az wagt soňra peýda boldy.
Iki bäsdeş arasyndaky igençli sözler, çekişmede jedelleşilen beýleki meseleler, şol sanda Klintonyň Döwlet sekretaryka hususy e-mailden peýdalanandygy hakda hem dowam etdi. Tramp prezidentlige saýlanan halatynda, ýörite prokuror belläp, bu meseläni derňetjekdigine wada berdi.
Klinton gaýtawul berip: "Trampyňky ýaly gylyk-häsiýetli bir adamyň biziň ýurdumyzda kanuna jogapkär däldigi" gowy zat diýdi. Tramp hem muňa: "Sebäbi sen türmede oturardyň" diýip jogap gaýtardy.
Klinton saýlawda esasy meselä öwrülen we Ukraina krizisi, Siriýa konflikti sebäpli Amerika bilen gatnaşyklary ýaramazlaşan Orsýeti Trampyň prezidentlige saýlanmagyny goldamak üçin, Birleşen Ştatlaryň guramalary we dürli şahsyýetleri barada käbir hüjümleri amala aşyrmakda aýyplady. Ol soňky wagtlarda edilýän käbir hüjümleri bir daşary güýç tarapyndan amerikan saýlawyna garyşmaga gönükdirilýän, ozal görlüp-eşidilmedik kampaniýa diýdi:
"Bir duşmançylykly daşary güýjüň saýlawyň netijelerine täsir etmek üçin, munça tagalla eden mahaly biziň ýurdumyzyň taryhynda ozal bolan zat däl. Ynanyň, olar muny meniň saýlanmagym üçin edenoklar. Olar muny Donald Tramp sebäpli saýlawa täsir etmek üçin edýärler".
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putini makullap çykyş eden we Moskwa bilen gatnaşyklary gowulandyrmagyň tarapyny çalýan Tramp Klintonyň aýdýanlaryna "gaty gülkünç" diýip jogap berdi.
Kreml käbir hüjümlerde eliniň bardygyny birsyhly inkär edip gelýär.
Mulikowyň özi eden etdilige ýol berdi. Indi ozünede edýärler. Araplarda bir söz bar. Men dakka dukka. Eden tapar diýleni. Tak çto häzirki oturan wezipeli çinowniklerem özlerni pensiýa çykyp gidip oturaryn oýtmesinler. Soňyňyz Mulikowdan üýtgeşik bolmaz eger adam hukugyny depgileseňiz, Konstitusiýadan, kanundan daşlaşsaňyz. Mulikow diýilýan adam ýaranjanlygyň netijesiniň boşdygyny subut etdi. Diýmek ýeri gelende etjekdäl diýmegem başarmaly eken. Anha indi düýnki basgylan kanunlary, adam hukuklary, konstitusiýasy hemme kimden beter özüne gerek bolup dur. Ýone indi giç. Ol giren ýeriňden belki çykarsyň, belki çykyp bilmän o dünýä ötersiň. Örän gynançly waka we soň.
Konstitusiýany üýtgetmekden netije ýok, sistemany üýtgetmeli. Türkmenistan durşuna gözboýagçylyga, korrupsiýa batdy. Muny prezident hem tassyklap, boýun alyp otyr. 2009-njy ýyldan bäri içeri işler ministri bolup işlän resminiň we gümrük gullugynyň ozalky resmisiniň parahor bolandygyny, uly möçberlerde para alyp gelendigini resmi ýagdýada tassyklamak bilen, ýurduň durşuna parahorluga çümendigini gytaklaýyn boýun aldy. Mundan öň, prezident öz wezipä bellän ýokary derejeli resmilerini yzygiderli, ýyllap işden boşadanda, jogapkär işgärleri parahorlukda ýa anyk aýdylmaýan "düýpli kemçileri goýbermekde" aýyplanda hem öz kadrlar syýasatynyň netijesizdigini, belki-de çüýrükdigini tassyk edýärdi. Soňky ýyllarda wezipä bellenen we soňra wezipesinden kowlan onlarça öňki resmi ýurduň ykdysadyýetine näçe zyýan ýetirdi, bu soragy ne prezidente, ne mejlise berip bolýar. Prezidentiň ol adamlary wezipä bellemek bilen goýberen düýpli kemçiliklerden näme netije çykaryldy? Hiç netije. Ne hökümetde, ne metbujgatda bu soraglary gozgap ýa galdyryp bolýar. 30 ýyl bäri şol bir ýagdaý dowam edýär. Öňki prezident Saparmyrat Nyýazow baş prokuror Gurbanbibi Atajanowany wezipesinden boşadyp, türmä basanda, onuň baş prokuraturany parahana öwrendigini aýdypdy. Şeýle-de Nyýazow häkimleriň ýeriň hakyky eýesini tapman, ony tanyş-bilişlerine satandygyny, öz wizpä bellän resmileriniň tas hemmesiniň ogry bolup çykandygyny boýun alypdy. Bu häzirki prezidentiň döwründe hem şeýle boldy. Emma ol Nyýazow ýaly bolan zady boýun almagy hem başaranok, gaýta "bojak işe çäre ýok" diýip, öz elinden hiç zat gelmeýändigini tassykalýar. Soňundan bolsa, korrupsiýa garşy göreşmegi wada berýär. Muňa kim ynanýar? Eger ol göreşen bolsa, içeri işler minstri on ýyllap para alyp bilermidi? Gepiň gysgasy, prezident hem, onuň wizipä belleýän adamlary hem hiç wagt ýurduň we adamlaryň problemalaryny çözmez, olaryň özi problema!
Mejlise gowja sallancak ,cacek zat alsalar hakyky sadyk bolyada)