Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

«Türkmenhowaýollary» Tbilisä uçar gatnawyny açýar


«Türkmenhowaýollarynyň» uçary

«Türkmenhowaýollary» awiakompaniýasy şu ýylyň 2-nji noýabryndan Aşgabat-Tbilisi-Aşgabat aralygynda yzygiderli uçar gatnawyny açýar.

Bu habary «Gündogar» habar saýty «Gruzia-Online» agentligine salgylanyp ýaýratdy.

Habarda aýdylmagyna görä, Türkmenistanyň we Gürjüstanyň paýtagtlarynyň arasyndaky uçar gatnawy hepdede iki gezek, çarşenbe we ýekşenbe günleri, Boeing-737 we Boeing-757 uçarlary arkaly amala aşyrylar.

Şu wagta çenli Gürjüstan bilen Türkmenistanyň arasynda göni uçar gatnawy ýokdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG