Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Injil we Gurhan bir kitapda çap ediler


Dini edebiýat
Dini edebiýat

ABŞ-dan bir haçparaz we bir musulman alym "Gurhan" bilen "Injili" terjime edip, şol bir kitapda çapa taýýarlapdyrlar. Kitapda 3 müňe golaý ugurdaş tema we ýagdaý deňeşdirilipdir.

"The Independent" gazetiniň ýazmagyna görä, bu kitap okyjynyň iki mukaddes kitaby özbaşyna garaşsyz ýagdaýda deňeşdirmegine gollanma bolar.

Kitabyň awtory bolan alymlar Dawid Hungerford we Safi Kaskas iki dost ekeni. Mundan on ýyl owal Gurhany iňlisçä terjime etmäge başlan jenap Kaskas häzirki işe hem şol döwürde girişipdir. Hungerford bilen Kaskas özleriniň eden bu işiniň haçparazlar bilen musulmanlaryň arasynda parahatçylygy hasam pugtalandyrmagyny tama edýärler.

"11-nji sentýabr hüjümlerinden soň Günbatarda ýüze çykan jemgyýetçilik dartgynlylygyň düýp sebäbi, haçparazlary musulmanlardan we olaryň mukaddes kitaby bolan "Gurhandan” goramagydyr" diýip, Kaskas belleýär.

Wagty bir eýýäm ýeten eser

Alymyň sözlerine görä, hut şeýle eseriň çapdan çykmaly wagty "bir eýýäm gelip ýetipdir". Ol şeýlelikde "has hatarly dartgynlylygyň öňüni almak" isleýändigini bildiripdir. Şonuň üçinem adamlaryň iň uly dünýä dinlerine "has gowy" düşünmegini göz öňünde tutup, öz dosty bilen bu kitaby taýýarlapdyr.

"Bu terjimäniň adamlara, haçparazlyk bilen yslamyň tapawutly ýaly görünse-de, aslynda bu iki diniň ýörelgeleriniň arasynda umumylyklaryň bardygyny görkezmegini umyt edýäris" diýip, doktor Hungerford nygtapdyr.

Onuň aýtmagyna görä, Isa Mesihiň ady "Gurhanda” "Isa pygamber" görnüşinde ýüzlerçe gezek agzalýar. Professor gaty geň galyjylyk bilen, ösen jemgyýetlerde yslam bilen haçparazlygyň "umumy ugurlaryna" diýseň az üns berilýändigini belleýär. Onuň pikrine görä, aslynda iki dinem "Isa pygambere" aýratyn ähmiýet berýär.

XS
SM
MD
LG