Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aleppoda Orsýetiň «ynsanperwer arakesmesi» güýje girýär


Çykyş geçelgesiniň kartasy
Çykyş geçelgesiniň kartasy

Siriýanyň demirgazyk şäherini terk etmek isleýän pitneçi söweşijileriň we asuda adamlaryň Aleppodan çykmagyna şert döretmek üçin Orsýet tarapyndan yglan edilen «ynsanperwer arakesme» güýje girdi.

Bu arakesme 20-nji oktýabrda, ýerli wagt bilen ir sagat8-de başlandy. Moskwa başda sekiz sagatlyk diýlen arakesmäniň ýene üç sagat, agşam 7-ä çenli uzaldyljakdygyny, bu çäräniň ýene uzaldylyp bilinjekdigini aýtdy.

Orsýet biraz öň Orsýetiň we Siriýanyň hökümetiniň uruş uçarlarynyň urýan howa zarbalarynyň18-nji oktýabrda togtadylandygyny aýtdy.

Siriýanyň Ýaragly güýçleri özleriniň şäheri terk edýänlere howpsuz çykyş geçelgesini açýandyklaryny aýtdylar.

Emma iki bölünen şäheriň front liniýasynda gozgalaňçylar bilen hökümet güýçleriniň arasynda çaknyşyk döredi we bu meselede iki tarap hem bir-birini günäledi.

XS
SM
MD
LG