Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwada “Stalin terrorynyň” pidalary ýatlandy


Adamlar sowet döwrüniň syýasy repressiýalarynyň pidalarynyň hatyrasyna dikilen memoriala gül desselerini getirýärler. Moskwa, 29-njy oktýabr, 2016 ý.

Moskwada onlarça adam Stalin döwrüniň repressiýalarynyň pidalarynyň atlaryny okadylar.

29-njy oktýabrda gurnalan bu çäre sowuk howada, ozalky KGB-niň mirasdüşeri FSB-niň binasynyň öňünde geçirildi.

Aktiwistler we adaty adamlar “Staliniň terrorynyň” 1937-1938-nji ýyllarda ýetjek derejesine ýeten döwri öldürilen 30,000 çemesi adamynyň atlaryny, ýaşlaryny we wezipelerini okadylar.

“Atlaryň gaýdyp gelmegi” ady bilen geçirilýän bu çäre Russiýanyň adam hukuklary boýunça iň belli guramalarynyň biri – “Memorial” tarapyndan gurnaldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG