Özbegistanda eýýäm 23 ýyl bäri gözenegiň aňyrsynda saklanylýan syýasatçynyň tussaglyk möhleti ýene-de uzaldyldy.
72 ýaşly Samandar Kukonow 6-njy oktýabrda azat edilmelidi.
Onuň maşgala agzalarynyň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, resmiler Kukonowyň “türmedäki düzgünleri bozandygy üçin”, onuň tussaglyk möhletine ýene-de üç ýylyň we bäş günüň goşulandygyny mälim edipdirler.
Kukonow 1993-nji ýylyň iýulynda ogurlyk aýyplamalary bilen tutulypdy.
Onuň tarapdarlary munuň ýörite gurnalan iş bolandygyny aýdýarlar.