Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak güýçleri Mosulda gury ýer hüjümlerine başlady


Yragyň terrorçylyga garşy edarasynyň işgärleri çaknyşyklar döwründe ýaralanan kärdeşini alyp barýarlar. 31-nji oktýabr, 2016 ý.
Yragyň terrorçylyga garşy edarasynyň işgärleri çaknyşyklar döwründe ýaralanan kärdeşini alyp barýarlar. 31-nji oktýabr, 2016 ý.

Yrak güýçleriniň Mosulyň öz içinde barýan gury ýer hüjümleri diýilýän operasiýalara başlamagy bilen ýurduň demirgazyk şäherinde gazaply söweş başlandy. Mosuly “Yslam döwleti” atly toparyň jeňçilerinden yzyna almak ugrunda iki hepde bäri dowam edýän operasiýada bular ýaly hüjüm ozal bolmandy.

Söweş 1-nji noýabrda daňdan başlandy. Yragyň hökümet güýçleri mundan bir gün öň “Yslam döwleti” toparynyň Mosulyň gündogarynda ýerleşýän Gogjali mähellesindäki pozisiýalaryna güýçli artilleriýa, tanklar we awtomat ýaraglar bilen hüjüm edip, şäheriň takmynan 1 kilometrligine çenli ilerlediler.

Jeňçiler hem Yragyň hökümet güýçleriniň ilerlemesini togtatmak üçin hüjüme anti-tank raketalary we ot açmak bilen gaýtargy berdiler.

Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygyndaky ýaranlyk howadan urýan zabalary bilen Yrak hökümetiniň hüjümlerine goldaw berýär.

Yragyň güýçleri Mosulyň gündogaryndaky senagat sebitine ençeme günläp minomýotdan ot açdylar.

40 adam öldürildi

Ýöne Gogjalini almak hökümet güýçleriniň 2014-nji ýyldan bäri Mosul şäheriniň özüne ilkinji gezek aýak basmagy bolar.

Bu aralykda, Birleşen Milletler Guramasynyň adam hukuklary edarasy “Yslam döwletiniň” jeňçileriniň Mosulyň töwereginde adamlary köpçülikleýin gyrandygy barada özüne täze habarlaryň gelip gowşandygyny aýtdy.

BMG-niň adam hukuklary edarasynyň sözçüsi Rawina Şamdasaniniň 1-nji noýabrda aýtmagyna görä, “Yslam döwletiniň” jeňçileriniň 29-njy oktýabrda Yragyň öňki howpsuzlyk güýçlerinden 40 adamy öldürendigi hakda edara habar gowşupdyr. Öldürilenleriň jesetleri Tigr derýasyna taşlanypdyr.

Şeýle hem Şamdasani “Yslam döwletiniň” jeňçileriniň 31-nji oktýabrda ir sagatlarda Mosulyň takymynan 15 kilometrligindäki Hammam al-Alil şäherinden 25 müň çemesi adamy alyp gitmäge synanyşandygyny aýtdy. Olaryň bu adamlary janly galkan hökmünde ulanmak islän bolmagy ähtimal.

190 adam öldürildi

Mundan üç gün ozal hem Birleşen Milletler Guramasynyň adam hukuklary boýunça ýokary komissary Zei Ra’ad Al Hussein “Yslam döwletiniň” Yrak hökümetniň Mosula gönükdirilen hüjümine garşy janly galkan etmek üçin ýedi müňden agdyk maşgalany ogurlandygyny bildirdi.

Şeýle hem Hussein öten hepde Mosulyň harby bazasy al-Gazlanide parahat ilatdan 232 adamyň, şol sanda Yragyň öňki howpsuzlyk işgärlerinden 190 adamyň atylyp öldürilendigni habar berdi.

Beýleki habarlarda bolsa Yragyň Kürdistan regionynda Mosul ugrunda barýan söweşden habar taýýarlaýan ýaponiýaly bir žurnalistiň tutulandygy aýdylýar.

1-nji noýabrda ýapon hökümetiniň sözçüsi Ýöşihide Suga žurnalist Kosuke Tsuneokanyň tutulandygyny tassyklady.

Suga ýapon häkimiýetleri onuň näme üçin tutulandygyny kesgitlemäge synanyşýarlar diýdi.

Ýaponiýanyň “Kýota” habar gullugynyň bildirmegine görä, Tsuneokany peşmerga söweşijileri tutupdyr.

XS
SM
MD
LG