Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa-ABŞ gatnaşyklary we saýlawlar


Donald Trump, Wladimir Putin, Hillary Klinton
Donald Trump, Wladimir Putin, Hillary Klinton

Hillari Klinton 2013-nji ýylyň ýanwarynda prezident Barak Obamanyň administrasiýasynyň Döwlet sekretary wezipesinden aýrylmazyndan ozal Orsýet bilen gatnaşyk barada öz başlygyna käbir zatlary maslahat beripdir.

“Tutuşlygyna alanyňda, men prezidente kyn günleriň entek öňdedigini, Moskwa bilen bolan gatnaşyklarymyzyň gowulanman, ýaramazlaşmagynyň ähtimaldygyny aýtdym” diýip, Klinton ondan bir ýyl soňra çap edilen “Kyn seçgiler” atly ýatlamalarynda ýazýar.

Klintonyň aýdany dogry bolup çykdy – Orsýet-Amerikan gatnaşyklary çalt ýaramazlaşyp ugrady, bu gatnaşyklaryň haçan gowulanjakdygy hem belli däl.

Pikir soraýyşlaryň aglabasynyň aýdýany hakykata öwrülse, onda Klintonyň ýanwarda Ak tamda bolmagy mümkin.

Ýöne onuň respublikan bäsdeşi Donald Tramp ýeňiji bolup çyksa-da, 8-nji noýabrdan soň bu has-da dogry bolar – Birleşen Ştatlaryň Orsýet bilen bolan gatnaşyklary düýpgöter üýtgedi. Sowuk uruş döwründe bolşy ýaly, Moskwa ýene-de Birleşen Ştatlaryň daşary syýasat boýunça gün tertibinde ilkinji orunda ýa-da şonuň golaýynda durýar.

Gatnaşyklar

“Biz gatnaşyklarda öňkülerden has pes derejelerde durus” diýip, 2000-nji ýyllarda prezident Jorj Buşuň administrasiýasynyň döwründe Milli howpsuzlyk geňeşinde Orsýet barada ýokary derejeli ekspert bolan Tomas Graham aýdýar.

Obamanyň Orsýet bilen bolan gatnaşyklara täzeden başlamaly diýen inisiatiwasy gaty gowşak başlandy hem-de oňa ýalňyş düşünildi.

Bu hereket Orsýet Gürjüstana çozup, onuň territoriýasynyň bir bölegini basyp alanyndan ýedi aý soňra ýüze çykdy. Beýleki jedeller, şol sanda Orsýetiň geý “propagandasyny” jenaýat hasaplaýan kanuny we Amerikanyň adam hukuklaryny bozmakda aýyplanýan orsýetlileriň garşysyna sanksiýa girizmegi hem gatnaşyklary has-da dartgynlaşdyrdy.

Ýöne gatnaşyklara iň uly zyýany ýetiren 2014-nji ýylda Orsýetiň Ukrainada Moskwa dostlukly garaýan prezidentiň synmagyna Krym ýarym adasyny eýelemek we atyşyklary bes etmek boýunça gelnen ylalaşyklara garamazadan, Kiýewe garşy urşy dowam etdirýän separatistleri goldamak bilen jogap bermegi boldy. Moskwa şeýle hem Siriýanyň graždanlyk urşunda Prezident Başar al-Assadyň häkimiýet başyndan aýrylmagynyň öňüni almak, Amerikanyň täsirlerine zyýan ýetirmek we Ýakyn Gündogarda Orsýetiň kontrollygyny güýçlendirmek maksady bilen Siriýanyň prezidentini goldady.

“Biziň Orsýet bilen uly problemamyzyň bardygy bilen iki partiýanyň [respublikanlar we demokratlar] arasynda birlik bar. Biz geçmişdäkiden has berk durmaly” diýip, Graham aýdýar. Ol soňra hem “men täze administrasiýa gelip, ‘geliň, Orsýet bilen bolan gatnaşyklary konstruktiw ugra gönükdireliň’ diýýän adamy göremok” diýip, sözüniň üstüne goşýar.

“Meniň Putin bilen örän gowy gatnaşygym bolar”

Gurply biznesmen Tramp Wladimir Putini gowy görýändigini öwran-öwran duýdury. Sentýabrda ol Orsýetiň prezidentiniň “öz ýurdunyň üstünde uly kontrollygy bar” we “ol biziň prezidentimizden has uly lider” diýdi.

Tramp şeýle hem “Yslam döwletiniň” jeňçileri we terrorizm ýaly umumy howplara garşy, Waşington bilen Moskwanyň arasynda hyzmatdaşlyk ýok diýip zeýrendi.

Ol sentýabrda telewideniýede görkezilen bir forumda: “Meniň Putin bilen örän gowy gatnaşygym bolar. Orsýet bilen örän gowy gatnaşygym bolar diýip pikir edýärin” diýdi.

Bu beýanatlar Moskwada gowy garşylandy. Üstümizdäki ýyl bir söwda forumynda Putin Trampy öwüp, ony “hiç bir şübhe ýok, täsirli we talantly adam” diýip häsiýetlendirdi. Kremliň tarapyny çalýan ors mediasy hem Klintony garalap, Trampy tarypladylar.

Trampyň Orsýet bilen gatnaşygy berk synag astyna düşdi. Onuň saýlaw kampaniýasynyň öňki başlygy Paul Manafort Ukrainanyň Orsýetiň ýarany bolan öňki prezidenti Wiktor Ýanukowije wekilçilik etdi. Onuň ýene bir geňeşçisi, Karter Peýj, aýdylyşyna görä, Kremliň ýokary derejeli resmileri, şol sanda Amerika tarapyndan sanksiýa astynda duran adamlar bilen hem duşuşypdyr. Peýj geçen aý özüniň kampaniýany terk edendigini aýtdy.

Has tutanýerli çemeleşmek

Klinton bolsa, öz gezeginde, Orsýete has tutanýerli çemeleşjekdigini mälim etdi. Onuň Orsýet we Ýewropa işleri boýunça geňeşçileriniň aglabasy Moskwanyň Ýewropadaky, Ukrainadaky, Siriýa we beýleki ýerlerdäki hereketlerine berk gaýtawul berilmeli diýip, açyk aýdýarlar.

Onuň Orsýet boýunça geňeşçi topary Amerikanyň Orsýetdäki öňki ilçisi Maýkel MkFaul, Ak tamyň we Döwlet departamentiniň öňki işgäri Fil Gordon, şeýle hem Pentagonyň öňki işgäri we wise-prezident Jo Baýdeniň milli howpsuzlyk boýunça geňeşçisiniň orunbasary Juli Smit ýaly adamlary öz içine alýar.

Klintonyň ýene bir geňeşçisi 2009-njy ýyldan 2013-nji ýyla çenli NATO ýolbaşçylyk eden öňki amerikan admiraly Jeýmes Stawridis. Ol Ukrainada we soňky wagtlarda hem Birleşen Ştatlaryň saýlaw bilen ilteşikli guramalaryna edilen käbir hüjümler diýilýänler hakda, Orsýete has berk jogap berilmeli diýip, birsyhly çagyryş edip gelýär.

Iki partiýa arasyndaky umumy ylalaşyk

Klinton saýlanan halatynda, Birleşen Ştatlaryň Orsýete gönükdirilen syýasatynyň has berk boljakdygyny, käbir hüjümleri we amerikan saýlawlaryna garyşmak baradaky gürrüňler çykmazdan has öň aýyl-saýyl etdi.

“Biz muny indi görmezlige salyp bilmeris. Biziň hemmämiz munuň sowlup gitmegini arzuwlaýarys” diýip, Klinton 2015-nji ýylda eden bir çykyşynda aýtdy. “Biziň hemmämiz Putiniň, ors patyşalaryna laýyk edim-gylymyň taryhy köklerine batmagy we milli serhetleriň boýunda gorky döredip, Siriýa we şonuň ýaly beýleki ýerlerde Orsýetiň güýjüni güjeňlemegiň deregine, ýurduny döwrebaplaşdyryp, Günbatara tarap ilerlemegini isleýäris”.

Üstesine-de, Kongresdäki iki partiýa arasynda Orsýete has berk çemeleşmek boýunça ylalaşyk bar.

Moskwanyň nukdaýnazaryndan garanyňda, Putiniň Gündogar Ukrainanyň Donbas regionyndaky, Siriýadaky we Baltika hem Gara deňizdäki agressiw hereketleri bu golaýda togtajaga meňzänok.

“Olar harby türgenleşikleri dowam etdirerler, öz başarnyklaryny görkezmegi dowam etdirerler. Meniň pikirimçe, olar Donbasda konfliktiň kontroldan çykmagyny islänoklar, ýöne ony utuş gazanmak üçin ulanma başarnygyny-da elden bermek islänoklar” diýip, Graham aýdýar.

2009-njy ýylda Dmitriý Medwedew we Putiniň prezidentlik ornuny saklap ýörkä, Obamanyň Orsýet bilen gatnaşyklara täzeden başlamak baradaky inisiatiwasyny amala aşyrmaly döwlet sekretary bolan Klintondy.

Ýöne Putiniň Klinton bilen gatnaşygy ol 2012-nji ýylda alty ýyl möhlet bilen Kremle dolanyp gelmezinden has öň dartgynlaşdy. Putin Klintony 2011-nji ýylky parlament saýlawlaryndan soňra Moskwada turan protestleri öjükdirmekde aýyplady. Bu saýlawda Putiniň häkimiýet başyndaky partiýasynyň bähbidine galplyga ýüz urlandygy aýdylýardy.

‘Aýlawly ülňi’

Pikir soraýyşlar Klintonyň ýeňiji bolmagyny görkezip ugranyndan soňra käbir ors resmileri edilen berk çykyşlar saýlaw kampaniýasyna degişli gürrüňlerdir, Moskwa gönükdirilýän tankytlar saýlawdan soňra ýatyşyp, has pragmatik çemeleşişe ýol açylar diýip umyt etdiler.

“Saýlaw kampaniýasy tamamlanýança gözleşmeli bolarys. Biz ýene birnäçe hepde garaşmaly bolarys, sabyrly bolmaly” diýip, Putiniň ýakyn ýarany Sergeý Iwanow 24-nji oktýabrda düýbi Londonda ýerleşýän “Financial Times” gazetine aýtdy.

Amerikanyň saýlaw “üýşmeleňi basym bitmez. Kim utsa-da, dem alara şondan soňra mümkinçilik bolar” diýip, hökümete ýakyn durýan daşary syýasat boýunça analizçi we “Russia In Global Affairs” žurnalynyň redaktory Fýodor Lukýanow 7-nji oktýabrda bir kommentaride ýazdy.

Ýöne Orsýet saýlawdan öň Klintonyň öňünde birnäçe böwet goýdy. Kreml oktýabrda simwolik, ýöne ähmiýetli bolan iki sany ýadro şertnamasyndan çekildi. Şeýle hem Moskwa Siriýanyň harbylarynyň Alepponyň gozgalaňçylaryň elindäki gündogar bölegine edýän hüjümlerini goldamak bilen Amerikanyň tagallalaryny başa bardyrmazlyga synanyşýar.

Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Maria Zaharowa Obama administrasiýasyny Orsýet barada “ýanan toprak” syýasatyny ýöredýänlikde aýyplady. Ýöne amerikan resmileri muňa Moskwanyň saýlawdan öň eden işleriniň beýany diýip düşünýärler.

Lukýanow gatnaşyklaryň dargamagy iki ýurt arasyndaky aýlawly ülňiniň bir bölegi diýip, dartgynlygyň uly böleginiň günäsini Putin bilen şahsy gatnaşyk gurmady diýip, Obamanyň üstüne ýükledi.

Ol: “Ýagdaýyň aýlawly, ädimme-ädim ýaramazlaşmagy köp zatlary howply uçudyň gyrasyna getirdi. Häzir öňde ýatan sorag geçişiň nähili ýa nämä tarap gönükjeginde” diýip ýazdy.

XS
SM
MD
LG