Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: ‘YD’ söweşijileri ýüzlerçe öňki esgeri alyp gaçdy


Rawina Şamdasani
Rawina Şamdasani

Birleşen Milletler Guramasy Mosulyň golaýynda “Yslam döwleti” atly toparyň öňki yrakly esgerleriň 300-e golaýyny alyp gaçandygyny aýdýar. Häzirki wagt hökümet güýçleri Mosul şäherini ekstremistlerden yzyna almaga synanyşýarlar.

Şeýle-de, BMG-niň maglumatynda “Yslam döwleti” söweşijileriniň 1,500 çemesi maşgalany Hammam al Alil şäherçesinden Mosula göçmäge mejbur edendigi aýdylýar.

“Adamlar zor bilen göçürildi ýa-da alnyp gaçyldy. Olar janly galkan hökmünde ulanyljak ýa-da degişlilikde ynançlaryna baglylykda öldüriljek ýaly bolup görünýär” diýlip, BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissiýasynyň sözçüsi Rawina Şamdasani aýtdy.

3-nji noýabrda yrakly esgerleriň ortaça 100 sanysy Mawali obasyndan alnyp gaçyldy. Şeýle-de, 1-4-nji noýabr aralygynda Tal Afar etrabyndan başga-da 195 adam alnyp gaçyldy.

XS
SM
MD
LG