Hazar ýaka döwletleri deňizde birugsat aw awlamak problemasyny maslahat etdiler.
8-nji noýabrda Aşgabatda regionyň bäş döwletiniň Hazar deňzinde biologiýa resurslarynyň bikanun özleşdirilmegine garşy göreş ugrundaky hyzmatdaşlyk boýunça protokolyň taslamasyny maslahat etmäge ygtyýar berilen wekilleri ilkinji mejlisini geçirdiler.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy bu maslahatda ýurtlaryň Hazar deňzinde bikanun awçylyga gary göreş boýunça hyzmatdaşlygyň kanuny binýadyny döretmek meselesinde öz garaýyşlaryny mälim edendigini habar berdi.
Ýer şarynda iň uly ýapyk suw howdany hasaplanýan Hazar deňzi haýwanat we ösümlikler dünýäsiniň baýlygy bilen tapawutlanýar. Bu ýerde haýwanlaryň we balyklaryň 1800-den gowrak görnüşi, şeýle-de ösümlikleriň 728 görnüşi hasaba alyndy. Hazar deňzi dünýä derejesinde bekre balyklaryň iň köp jemlenen ýeridir.
Hazar ýaka döwletleriniň arasynda çözülmedik esasy mesele deňziň kanuny statusynyň kesgitsizligine bagly bolmagynda galýar.