Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çeçenistanyň müftüligi pygamber hakdaky kinofilme garşylyk görkezdi


"Muhammed - Hudaýyň ilçisi" atly kinofilm.
"Muhammed - Hudaýyň ilçisi" atly kinofilm.

Çeçenistan respublikasynda Musulmanlaryň ýokary dini edarasy ol kinofilme tomaşa edenden soň, tomaşa etmegi we şeýle kinofilmi ýaýratmagy oňlamazlyk barasynda karara geldi.

Ýokary dini edara munuň sebäbine şeýle esaslar görkezýär:

-Musulman alymlaryň arasynda bar bolan umumy garaýşa görä, suratlarda we kinofilmlerde Muhammet pygamberiň keşbini görkezmek gadagandyr.

-Kinofilmde gaty köp taryhy näsazlyklar bar. Şeýle näsazlyklar tomaşaçyda Yslam taryhy we Muhammet pygamberiň durmuşy barasynda nädogry pikirler döredip biler.

-Muhammet pygamberiň käbir egindeşleri baradaky maglumatlar oňaýsyz we ýoýulan görnüşde suratlandyrylýar.

-Filmi surata düşürenler öz peýdalanan çeşmelerini görkezmeýärler. Surata düşürilen pursatlar barasynda razylyk beren alymlar aýan edilmeýär.

Mundan owal Saud Arabystanyň baş müftüsi Abdul Aziz aş-Şeikh öz beren beýannamasynda, Yslamda pygamberiň çagalygynyň kinomatografiýa görnüşinde görkezilmegini berk ýazgaryp çykyş edipdir.

Tanymal režissýor Majid Majidiniň "Muhammed - Hudaýyň ilçisi" atly kinofilmi, Eýranyň kinomatografiýasynyň iň gymmat kinofilmidir. On ýylyň dowamynda surata düşürilen kinofilme 50 million dollar çykdaýjy edilipdir. Bu kinofilm "Muhammet pygamberiň durmuşy" trilogiýasynyň birinji bölümidir.

XS
SM
MD
LG