Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gambiýanyň awtoritar prezidenti saýlaw ýeňlişini kabul etdi


Gambiýanyň awtoritar prezidenti Ýahýa Jamme
Gambiýanyň awtoritar prezidenti Ýahýa Jamme

Gambiýanyň awtoritar prezidenti Ýahýa Jamme saýlawlarda gozganmaýan emläk işewüri Adama Barrowdan ýeňlendigini boýun aldy.

Jamme Gambiýa 22 ýyl ýolbaşçylyk etdi we halka ýüzlenmesinde özüniň iş başyndan gitjekdigini aýtdy.

“Men oňa geçiş işlerini ilerletmekde kömek ederin» diýmek bilen, Jamme saýlawlaryň netijesine garşy çykmajagyny tassyklady.

Barrow 1-nji dekabrdaky saýlawlarda 45 prosent ses alyp utdy.

Saýlaw güni, gozgalaň bolmazlygy üçin, Jamme tarapyndan ähli internet we halkara telefon hyzmatlary kesildi.

Ýüzlerçe adam köçelere çykyp, saýlaw ýeňşini baýram etdi.

"Bu ýurda şeýle uzak ýyllap ýolbaşçylyk eden adamyň ýeňlişi kabul etmegi hakykatdanam diýseň özboluşly» diýip, saýlaw komissiýasynyň başlygy Alieu Momar Njiýe žurnalistlere aýtdy.

Jamme häkimiýeti 1994-nji ýyldaky agdarylyşyk esasynda eýeläpdi. Onuň uzaga çeken prezidentlik ýyllaryndaoppozision syýasatçylar, žurnalistler we aktiwistler eden-etdilikli tussag edilip, türmä taşlandy, gynaldy we öldürildi.

XS
SM
MD
LG