Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bakuwda güman edilýän bombaçy öldürildi


Azerbaýjan, terror karikaturasy
Azerbaýjan, terror karikaturasy

Azerbaýjanyň howpsuzlyk güýçleri paýtagt Bakuwdaky söwda merkeziniň golaýynda özüni partlatmaga synanyşan adamy atyp öldürdi.

"Azeri raýaty Azizagaoglu Emin Jami... döwlet howpsuzlyk gullugynyň ýörite operasiýasy mahalynda öldürildi» diýip, 3-nji dekabrdaky beýanatda aýdylýar.

Beýanatda Jaminiň 38 ýaşynda bolandygy, 2007-nji ýylda terror guramasyna goşulandygy üçin sud edilip, türmä basylandygy aýdylýar.

"Ol şu ýylyň başynda türmeden boşaly bäri Azerbaýjanda terror aktlaryny planlaşdyrýardy" diýip, howpsuzlyk gullugy aýtdy.

XS
SM
MD
LG