Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Özbegistan Mirziýaýewiň prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanandygyny yglan etdi


Özbegistanyň iş başyndaky prezidenti Şawkat Mirziýaýew.

Özbegistanyň Merkezi Saýlaw komiteti 4-nji dekabrda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda, ýurduň iş başyndaky prezidenti Şawkat Mirziýaýewiň sesleriň 88 prosentini alyp, ýeňiş gazanandygyny yglan etdi.

Miziýaýew şu ýylyň sentýabr aýynda awtoritar prezident Yslam Kerimowyň ölüminiň yz ýany, ýurduň wagtlaýyn lideri wezipesine geçeni bäri, onuň bu saýlawlarda ýeňiş gazanmagyna giňden garaşylýardy.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň Demokratik guramalar we Adam hukuklary edarasy 5-nji dekabrda ýaýradan beýanatynda, prezident saýlawlary ýurtda “hemmetaraplaýyn reformalaryň geçirilmegine zerurlygyň bardygyny” görkezdi diýdi.

“Saýlaw administrasiýasy öz işiniň aç-açanlygyny güýçlendirmek we saýlawlaryň talabalaýyk geçmegi üçin çäre gören mahaly, döwlet subýektleriniň agalyk etmegi we esasy azatlyklaryň çäklendirilmegi syýasy plýuralizmi bozup, hakyky bäsleşikden mahrum bir kampaniýanyň bolmagyna sebäp boldy” diýip, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň Demokratik guramalar we Adam hukuklary edarasy 5-nji dekabrda ýaýradan deslapky beýanatynda aýtdy.

Mundan ozal Merkezi Saýlaw komitetiniň başlygy Mirza-Ulugbek Abdusalomow saýlawlara ses berijileriň jemi 87,83 prosentiniň, ýagny 20 million çemesi ses berijiden, 17,9 milliondan gowragynyň gatnaşandygyny aýtdy.

Prezidentlik saýlawlarynda başga-da kandidatlar bardy: Halk demokratik partiýasyndan Hatamjon Ketmanow, Milli dikeldiş demokratik partiýasyndan Sarwar Otamuratow, Adalot sosial demokratik partiýasyndan Nariman Umarow dagy Şawkat Mirziýaýew bilen bäsleşdiler.

Bu üç kandidatyň ählisi hökümeti goldaýar.

Ketmanow we Umarow 2015-nji ýyldaky prezident saýlawlarynda hem bäsleşige çykdy we tankytçylar olary galp kandidatlar, ýagny Kerimowyň prezidentligini dördünji möhlete uzaltmagy guraýan oýunçylar hökmünde häsiýetlendiripdiler.

2003-nji ýyldan bäri ýurduň premýer-ministri bolup işleýän 59 ýaşyndaky Şawkat Mirziýaýew esasan Kerimowyň syýasy ugruna eýermegi maksat edinýändigini aýdypdy.

Özbegistanda mundan ozal geçirilen alty saýlawyň hiç biri hem ÝHHG-niň Demokratik guramalar we Adam hukuklary edarasynyň gözegçileri tarapyndan demokratik we adalatly diýlip ykrar edilmändi.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG