Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Italiýanyň premýer-ministri wezipesinden çekildi


Italiýanyň premýer-ministri Matteo Renzi.

Italiýanyň premýer-ministri Matteo Renzi öz ýurdunyň konstitusiýasyny reforma etmek synanyşygynda ýeňlendigini boýun alandan soň, öz wezipesinden çekildi. Ol bu ýeňlişi “adaty bolmadyk derejede açyk” ýeňliş diýip atlandyrdy.

Ýewropa Bileleşigine ygrarly lider Renzi özüniň wezipesinden çekilýändigini, ses berijiler ýurduň Senatynyň we regional resmileriniň ygtyýarlyklaryny çäklendirmek arkaly Renziniň ykdysady reformalary amala aşyrmagy üçin wezipe ygtyýarlyklaryny artdyrjak referendumy ret edenden soň, 5-nji dekabrda yglan etdi.

Bu ses berişlik we onuň yz ýany Renziniň wezipeden çekilmegi Italiýada syýasy durnuksyzlygyň gaýtadan emele gelmegine ýol açýar.

Şeýle-de, bu ýagdaý, Italiýanyň ejir çekýän banklaryna täze urgy bolup, ýewrozonada ýene bir maliýe krizisiň bolmak ähtimallygy dogrusynda aladalary artdyrdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG