Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina gaz gepleşiklerine gatnaşmaga taýýar diýýär


“Naftogaz” kärhanasy
“Naftogaz” kärhanasy

Ukraina Ýewropa Bileleşiginiň Russiýa bilen 9-njy dekabrda geçirýän gaz gepleşiklerine gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi. Bu barada Ukrainanyň döwlet eýeçiligindäki “Naftogaz” kärhanasy özüniň Twitter hasabynda mälim etdi.

“Naftogazyň” dolandyryjysy Andriý Kobolew gepleşikleriň dowamynda “indiki gyş üçin göz öňünde tutulýan gaz göwrümleri” barada gürrüň ediljekdigini aýtdy. Ol eger-de Moskwa Kiýewiň öňe sürýän teklipleri bilen ylalaşsa, onda Ukrainanyň Russiýadan ýaňadandan gazy satyn alyp başlamagynyň mümkindigini hem sözünde goşdy.

Russiýanyň Krymy basyp almagy, şeýle-de Ukrainanyň gündogaryndaky separatistleri goldamagy netijesinde dörän dartgynlylyk sebäpli, Kiýew eýýäm bir ýyl çemesi wagt bäri rus gazyny almaýar.

“Naftogaz” anyk haýsy resmileriniň gepleşiklere gatnaşjakdygyny mälim etmedi.

Ýewropa Bileleşigi öz gaz harajatlarynyň üçden bir bölegini Russiýadan alýar. Bu gazyň aglaba bölegi hem Ukrainanyň üstünden geçýär.

Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Maros Sefçowiç araçy hökmünde çykyş edip, Ýewropa akdyrylýan gazda bökdençlikleriň döremezligini gazanjak bolýar.

XS
SM
MD
LG