Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjan daşary ýurt walýutasynyň ýurduň daşyna çykarylmagyny çäklendirdi


Bank, Baku
Bank, Baku

Azerbaýjan 8-nji dekabrdan daşary ýurt walýutasynyň ýurduň daşyna geçirilmegine çäklendirmeleri güýçlendirdi.

Täze düzgüne görä, Azerbaýjanyň banklarynda hasaplary bolmadyk ýaşaýjylar günde ýurduň daşyna bir günde 1000 amerikan dollaryndan artyk möçberde pul iberip bilmeýärler, bir aýda ibermäge rugsat berilen puluň möçberi 10000 amerikan dollary bilen çäklenilýär.

Azerbaýjanda 8-nji dekabra çenli her aýda ýurduň daşynda ibermäge rugsat berilen puluň möçberi 30000 amerikan dollaryna barabardy.

Azerbaýjanyň Merkezi banky bu çäresini soňky aýlarda üçünji gezek amala aşyrýar. Ýurduň milli puly manat global derejede nebitiň arzanlamygy sebäpli öz hümmetini ýitirýär.

Energiýa serişdelerine baý ýurduň hökümeti milli pula bolan ynamy güýçlendirmäge synanyşýar.

2015-nji ýylda Azerbaýjanyň manady amerikan dollary babatyndaky hümmetini tas iki esse ýitirdi.

Azerbaýjanyň döwlet girdejileriniň dörtden üç bölegi nebitiň söwdasyndan gelýär.

XS
SM
MD
LG