Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýada YD-nyň 168 nebit tankeri ýakyldy


 Siriýa, YD-nyň nebit tankerleri
Siriýa, YD-nyň nebit tankerleri

ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýanyň uruş uçarlary Siriýada «Yslam döwleti» toparynyň 168 sany nebit tankerini weýran etdi.

Bu koalisiýanyň şeýle görnüşli zarbalarynyň iň ulusy boldy diýip, 9-njy dekabrdaky habarda aýdylýar.

Koalisiýanyň maglumatyna görä, bu zarbalar Palmiranyň golaýyndaky ýük maşynlarynyň kerwenine uruldy we «Yslam döwleti» toparynyň jeňçileriniň ogurlyk nebitiň söwdasyndan aljak 2 million dollar çemesi girdejisine zyýan ýetirdi.

YD köp derejede bikanun satýan nebitinden alýan girdejisine bil baglaýar diýip bilinýär.

XS
SM
MD
LG