Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nawalnyý prezidentlige dalaş etjekdigini yglan etdi


Russiýanyň tanymal oppozision lideri Alekseý Nawalnyý.
Russiýanyň tanymal oppozision lideri Alekseý Nawalnyý.

Russiýanyň tanymal oppozision lideri Alekseý Nawalnyý ýurtda 2018-nji ýylyň mart aýynda geçirilmegi göz öňünde tutulýan saýlawlarda prezidentlige dalaş etjekdigini yglan etdi.

“Men Russiýanyň prezidenti wezipesine dalaş etmäge gatnaşaryn” diýip, Nawalnyý 13-nji dekabrda täze kampaniýa websaýtynda çap eden wideo beýanatynda aýtdy.

Bu saýlawlarda Putin hem ýene alty ýyl möhlet bilen prezidentlige dalaş edip bilýär we onuň şeýle etmegine giňden garaşylýar. Ýöne Putin henize çenli özüniň gaýtadan prezidentlige dalaş etjekdigini mälim etmedi.

“Russiýa baý, azat, güýçli ýurt bolmaly... Men Russiýany güýçli we döwrebap etjek programma bilen saýlawlara gatnaşaryn. Prezident saýlawlary ýurduň ösüş ýoly baradaky diskussiýadyr” diýip, Nawalnyý aýtdy.

Nawalnyý 2011-2012-nji ýyllarda Russiýada geçirilen hökümete garşy protestlerde esasy liderdi we ol ýokary derejeli rus resmileriniň arasynda bar diýilýän korrupsiýa barada ýaýradan ençeme raporty esasynda Putina azar beripdi.

XS
SM
MD
LG