Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe: Bombaly hüjümde azyndan 13 esger wepat boldy


Kaýseri şäherinde bomba partlamasynda 13 esger wepat boldy, Türkiýe, 17-nji dekabr, 2016.
Kaýseri şäherinde bomba partlamasynda 13 esger wepat boldy, Türkiýe, 17-nji dekabr, 2016.

Türkiýäniň prezidenti 17-nji dekabrda irden Kaýseri şäherinde harbylary alyp barýan awtobusa edilen bombaly hüjümi amala aşyrmakda “Kürtleriň işçi partiýasyny (PKK) günäledi.

Türk harbylarynyň aýtmagyna görä, hüjüm zerarly 13 esger wepat bolupdyr we 48 esger ýaralanypdyr.

Hüjümde ýaralanan esgerler keselhana alnyp baryldy, adaty raýatlaryň hem ýaralanan bolmagy ähtimal, diýlip goşunyň resmi maglumatynda aýdylýar.

Kaýseri şäherindäki partlama Stambulda 44 adamyň ölümine sebäp bolan hüjümden bir hepde geçensoň ýüze çykdy. Stambuldaky hüjümiň jogapkärçiligini kürt söweşijileri öz üstüne aldylar.

Premýer-ministriň orunbasary Weýsi Kaýnak telewideniýede eden çykyşynda Kaýseride bolan hüjüm “gynansak-da Stambuldaky hüjüme” meňzeş diýdi.

Türkiýe 2016-njy ýylda onlarça adamyň wepat bolmagyna getiren tapgyrlaýyn hüjümlere sezewar boldy. Hüjümleriň jogapkärçiligini kürt söweşijileri we “Yslam döwleti” atly ekstremist topary öz üstüne alypdy.

XS
SM
MD
LG