Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň Türkiýedäki ilçisi öldürildi


Russiýanyň Türkiýedäki ilçisi Ankaranyň surat sergisinde çykyş edýär. Çepde Andreý Karlowy atan hüjümçi dur.

Russiýanyň Türkiýedäki ilçisi 19-njy dekabrda Ankarada surat sergisinde eden çykyşy mahaly atylyp, öldürildi.

Russiýanyň daşary işler ministrliginiň sözçüsi Mariýa Zaharowa Andreý Karlowyň hüjümiň yz ýany ölendigini aýtdy.

NTV hadysada başga-da üç adamyň ýaralanandygyny habar berdi.

Türkiýäniň Anadolu habar agentligi hüjümçiniň “aradan aýrylandygyny” aýdyp, başga goşmaça maglumat bermedi.

AP agentliginiň suratçysy hüjümçiniň penjekli we galstukly bolandygyny, şeýle-de onuň iň azyndan sekiz oky atyp, “Allahu akbar” diýip, gygyrandygyny hem mälim etdi.

Russiýanyň Türkiýedäki ilçisi öldürildi
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:45 0:00

​Hüjümçi arapça: "Biz Muhammet pygambere jyhady amal etmegi söz berenlerdendiris. Allahu akbar! Bu Aleppo üçin jogapdyr. Bu Siriýa üçin jogapdyr. Bu Aleppo üçin jogapdyr. Bu Siriýa üçin jogapdyr" diýdi.

Ol soňra türkçe: "Siz biziň ýerlerimizde eden ähli işleriňiz üçin jogap berersiňiz. Biz howply ýagdaýda ýaşasak, siz hem howp astynda bolarsyňyz. Gidiň, öz ýerleriňizde boluň. Bu ýerden diňe meniň jesedim çykar" diýip, gygyrdy.

Kremliň metbugat wekili bu waka barada prezident Wladimir Putine habar berlendigini aýtdy.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat wekili ABŞ-nyň rus ilçisine edilen hüjümi ýazgarýandygyny aýtdy.

Teswirleri gör (2)

Şu forum ýapyk
XS
SM
MD
LG