Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Merkel: Roždestwo bazaryndaky ýowuzlygyň 'terror hüjümidigine' ynanýaryn


Berliniň häkimi Michael Mueller, Germaniýanyň kansleri Angela Merkel we nemes içeri işler ministri Thomas de Maiziere Roždestwo bazarynda ölenleriň hatyrasyna hormat bildirýärler. 20-nji dekabr, 2016 ý.

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel ýük ulagyny ýokary tizlik bilen Berliniň Roždestwo bazaryndaky adamlaryň üstüne süren bir adam tarapyndan 12 adamyň öldürilmeginiň “terroristik hüjüm” bolandygyna ynanýandygyny aýdýar.

“Biziň entek doly bilmeýän zatlarymyz köp. Ýöne häzirki ýagdaýlardan çen tutulsa, biz munuň terroristik hüjüm bolandygy pikirden ugur almaly” diýip, 20-nji dekabrda Merkel aýtdy.

Merkel: “Muny eden adamyň bizden gorag we baş pena sorap gelen adamdygy tassyklansa, bu biziň üçin düşünmegi has kyn ýagdaý bolar” diýdi.

Berliniň polisiýasy 19-njy dekabrda agşamara adamlar baýramçylyk dabaralaryny belleýän mahaly ýük ulagynyň Roždestwo bazaryna sürülmegi netijesinde, azyndan 12 adam ölüp, onlarça adamyň ýaralanandygyny aýdýar. Polisiýanyň maglumatyna görä, bu işiň “terroristik hüjüm” bolmagy ähtimal.

Hüjümiň bolan ýeri german paýtagtynyň günbatar etrapçasynda Kaýsar Wilhem Memorial kilisesiniň golaýynda ýerleşýän Berliniň iň märekeli söwda nokatlarynyň biri.

Berlindäki hüjümiň bolan ýerini görkezýän karta.
Berlindäki hüjümiň bolan ýerini görkezýän karta.

Germaniýanyň resmileri ýük ulagynyň bilkastdan märekäniň üstüne sürlendigini we munuň “terrorçylykly hüjüme” meňzeýändigini aýdýarlar. Polisiýa bazaryň golaýynda ýük ulagynyň sürüjisi diýilýän bir adamy ele salypdyr.

“Reuters” habar agentliginiň Germaniýanyň howpsuzlyk gullugynyň bir işgärine salgylanyp, bildirmegine görä, hüjümi amala aşyran Berlinde bosgunlar üçin göz öňünde tutulan ýatakhanalaryň birinde ýaşaýan 23 ýaşly pakistanly migrant.

Ýük ulagyndaky asly polşaly ikinji adam, lukmanlaryň halas etmek üçin eden tagallalary netije bermän, wakanyň bolan ýerine ölüpdir. Ýöne polisiýanyň aýtmagyna görä, ulagy 80 metre golaý märekäniň içine süren bu adam däl.

Habar gullugy tutulan adamyň Germaniýa geçen ýyl gelendigini habar berdi.

Polşanyň TWN24 telekanaly hüjümde ulanylan diýlip güman edilýän ýük ulagynyň Polşanyň bir transport kompaniýasyna degişlidigini aýtdy.

Kampaniýanyň eýesi Ariel Zuraskiniň media aýtmagyna görä, ulagyň sürüjisinden düýn öýleden bäri habar ýok. Ol edilýän jaňlara jogap berenok.

Berlin: Hüjümde 12 adam öldi, başga-da onlarçasy ýaralandy
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:04 0:00

Germaniýanyň polisiýasy ýük ulagy ogurlanypdyr diýen pikirden ugur alýar.

Bolan waka ozal baýramçylyk dabarasynda şular ýaly hüjümde 86 adamyň öldürilen ýurdy bolan Fransiýada tutuş Roždestwo bazarlarynda howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilmegine getirdi.

Ak tam “terroristik hüjüme meňzeýän wakany” ýazgaryp, “aýylganç hadysa, biziň ýaşaýyş usulymyzy nyşana alana” meňzeýär diýdi.

Birleşen Ştatlaryň saýlanan prezidenti Donald Tramp bolsa hiç bir subutnama salgylanman “yslamçy terroristi” ýazgardy. Ol Yslam döwleti we beýleki “yslamçy terroristler global jihadyň bir bölegi hökmünde hristianlary öz ýurtlarynda we ybadathanalarynda dowamly gyrýarlar” diýdi.

“Bu terroristler we olaryň regional hem bütindünýä ulgamy ýer ýüzünden ýok edilmeli. Biz bu missiýany azatlygy söýýän ähli ýaranlarymyz bilen birlikde ýerine ýetireris” diýip, Tramp aýtdy.

Berlin hüjüminiň terroristik hüjümdigi subut bolan halatynda, onda ol alty aý bäri Germaniýada “Yslam döwletinden” ylham alnyp, amala aşyrylan üçünji terrorçylykly waka bolýar.

Roždestwo bazarlary Germaniýada gadymy däbe eýe. Onuň taryhy Orta asyrlara baryp ýetýär. Ýöne soňky wagtlarda bu bazarlar Roždestwodan öňki hepdelerde adamlaryň üýşüşip, gyzgyn şerap we ýeňil nahar edinýän ýerlerine öwrüldi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG