Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin ýylahyr metbugat ýygnagyny geçirýär


 Prezident Wladimir Putin
Prezident Wladimir Putin

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin 23-nji dekabrda ykdysadyýet we demografiýa barada optimistik sözleri aýdyp, özüniň adat bolan ýylahyr metbugat ýygnagyny geçirýär.

Putin Orsýetiň ykdysadyýetiniň uzaga çeken çöküşiniň haýallandygyny we ýurt maýasynyň daşary ýurtlara akmasynyň peselendigini aýtdy.

Ol 2016-njy ýylda Orsýetiň jemi içerki önüm ösüşiniň 5-den 6 prosente çenli peselmegine garaşylandygyny, munuň 2015-nji ýyldakydan has azdygyny, inflýasiýa çaklamasynyň bolsa 5.5 prosent, rekord derejede aşak bolandygyny, soňky aýlarda aýlyklarda «biraz ýokarlanma» bolandygyny» aýtdy we bularyň geljege umyt berýändigini belledi.

Prezident saýlawlary ir geçirilmez

Putin nobatdaky prezident saýlawlaryny 2018-nji ýylyň martyndan 2017-nji ýyla geçirmek synanyşygyny etmejekdigini bildirdi.

Saýlawlary 2017-nji ýylda geçirip bolardy, emma bu «maksadalaýyk bolmaz» diýip, Putin ýyllyk metbugat ýygnagynda berlen soraga jogap berende aýtdy.

Mundan ozal Orsýetiň prezident saýlawlarynyň birnäçe aý öň geçiriljekdigi hakynda gep-gürrüň bolupdy.

1999-njy ýylda bäri prezident ýa premýer-ministr bolan Putin bu saýlawlarda dördünji prezidentlik möhleti üçin dalaşgär bolar öýdülýär. Emma ol henize çenli bu saýlawlarda bäsleşige çykjakdygyny aýtman gelýär.

Geremeýew hakyndaky sorag

Orsýetiň prezidenti özüniň oppozisioner syýasatçy Boris Nemsowyň ölüminiň derňelmegini goldaýandygyny aýtdy, emma sudda esasy şahsyň görkezme bermäge mejbur edilip-edilimejekdigi barada göni bir zat aýtmakdan saklandy.

Sud 2015-nji ýylyň fewralynda öldürilen Nemsowyň ölümi bilen baglylykda bäş adamy sud edýär we şu aýyň başynda Çeçenistandaky ýörite batalýonyň komandiriniň orunbasary Ruslan Geremeýewi görkezme bermek üçin çagyrdy.

Nemsowyň maşgalasynyň aklawçylary Geremeýewiň görkezmesi Nemsowyň Kreml köprüsiniň golaýynda atylyp öldürilmegini kimiň buýrandygyny kesgitlemäge kömek eder öýdýär. Emma ol şu wagta çenli sorag edilmedi we onuň bolýan ýeri hem belli däl. Hut şu ýagdaý sebäpli hem aklawçylar Geremeýew Kreml tarapyndan goldanylýan çeçen lideri Ramzan Kadyrowy penalaýan bolmasyn diýip güman edýärler.

"Men bu işiň derňelmegini doly goldaýaryn we oňa dahylly adamlaryň hem-de bu jenaýatda günäkärleriň ählisiniň tapylmagyna umyt baglaýaryn” diýip, Putin metbugat ýygnagynda aýtdy. Emma ol Geremeýew hakyndaky soraga jogap bermedi.

Rus-Amerikan gatnaşyklary

Wladimir Putin ABŞ-nyň Demokratik partiýasynyň mertebeli ýeňilmegi öwrenmeginiň gerekdigini aýtdy we ony prezidentlik saýlawlarynda Hillari Klintonyň ýeňilmegini başgalardan görmekde günäkärledi.

Putin saýlanan prezident Donald Trampyň geljekdäki adminstrasiýasy bilen-de, ABŞ-nyň demokratlary bilen-de biznes şekilli, gurujy gatnaşykda bolmak isleýändigini belledi.

"Demokratik partiýa öz kemçilikleri üçin başgalary günäkärleýär» diýip, Putin aýtdy. Birleşen Ştatlaryň häzirki adminstrasiýasy «milleti bölýär» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

ABŞ-nyň aňtaw jemgyýetçiligi oktýabr aýynda rus hökümeti tarapyndan gönükdirilen hakerler Demokratik partiýanyň serwerleriniň elektron poçta hasaplarynyň içine girdi diýen netijä geldi, Merkezi aňtaw gullugy, SIA bolsa, aýdylmagyna görä, bu bikanun sokulmanyň Trampyň Klintony ýeňmegine kömek etmek maksadyny yzarlandygy baradaky netijä gelipdir.

Rus-türk gatnaşyklary

Prezident Putin Türkiýedäki rus ilçisiniň öldürilmegi barada durup geçip, bu ganhorlygyň rus-türk gatnaşyklaryna zyýan ýetirmejekdigini aýtdy.

Ilki bu ýygnak 22-nji dekabra bellenilipdi, emma Orsýetiň Türkiýedäki ilçisiniň, 19-njy dekabrda Ankarada janyna kast edilen Andreý Karlowyň jaýlanmagy sebäpli, ol bir gün yza süýşürildi.

Prezident Putiniň ýyllyk metbugat ýygnagy adatça üç sagada çekýär, emma 2008-nji ýylda bu çäre dört sagat 40 minuda çekdi.

Geçen ýylyň 17-nji dekabrynda bolan metbugat ýygnagynda Putin ABŞ-nyň prezidentlige kandidaty Donald Trampy "görnükli, talantly adam" diýip atlandyrdy.

Putin geçen ýyl Ukrainadaky konflikt barada gürrüň edende, “biz ol ýerde käbir belli meseleleri, şol sanda harby pudaga degişli meseleleri çözmek bilen ilteşikli adamlar ýok diýip hiç wagt aýtmadyk» diýdi.

Orsýetiň telewideniýesi bu metbugat ýygnagyna örän uly üns berýär we ony giňden alyp görkezmek işine öňünden başlaýar.

Bu metbugat ýygnagy, halka ýüzlenmek we «göni liniýada» raýatlardan gowşan soraglara jogap bermek bilen, Putiniň öz abraýyny ýokarlandyrmak hem-de alyp barýan içeri we daşary syýasatyny wagyz etmek üçin ulanýan ýyllyk üç esasy çäresiniň biri bolup durýar.

Bu metbugat ýygnagy, halka ýüzlenmek we «göni liniýada» raýatlardan gowşan soraglara jogap bermek bilen, Putiniň öz abraýyny ýokarlandyrmak hem-de alyp barýan içeri we daşary syýasatyny wagyz etmek üçin ulanýan ýyllyk üç çäresiniň biri bolup durýar.

Kremlde geçirilýän we döwlet mediasynda giňden alnyp görkezilýän çärä gatnaşmak üçin Orsýetden we daşary ýurtlardan 1500 çemesi žurnalist toplandy.

XS
SM
MD
LG