Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan 2017-nji ýyly “sagdynlyk we ruhubelentlik” şygary astynda geçirer


Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow resmi çärede, 2016.
Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow resmi çärede, 2016.

2017-nji ýyl Türkmenistanda “Sagdynlygyň we ruhubelentligiň” ýyly diýlip yglan edildi.

Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow bu inisiatiwasy bilen 26-njy dekabrda ýylyň jemleri boýunça geçirilen hökümet maslahatynda çykyş etdi. Türkmen prezidenti täze ýylyň dowamynda göz öňünde tutulýan çäreler bilen baglylykda ýyly “sagdynlyk we ruhubelentlik”şygary astynda geçirmelidigini aýtdy.

Munuň üçin ýörite logotip belgisini işläp düzmek ugrunda bäsdeşligiň geçiriljekdigi habar berildi.

Şeýle-de Türkmenistanda 2-nji ýanwar dynç güni diýlip yglan edildi.

Türkmenistanyň media maglumatlaryna görä, bu barada ýurduň prezidenti G.Berdimuhamedow ýörite permana gol çekipdir.

Resmi dokumentiň Türkmenistanyň ähli edaralaryndan, kärhanalaryndan we guramalaryndan olaryň eýeçilik formasyna garamazdan bu karary berjaý etmegi talap edýändigi habar berilýär.

XS
SM
MD
LG