Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Haker hüjümi üçin ABŞ-nyň Russiýa garşy çäreleri yglan etmegine garaşylýar


Prezident Barak Obama “Russiýanyň ABŞ saýlawlaryna goşulmagyna garşy çäreleri geçirmelidiris we geçireris” diýip çykyş etdi.

Birleşen Ştatlaryň mediasy Russiýanyň ABŞ-daky saýlaw kampaniýasy döwri Demokratik partiýanyň e-meýllerini syzdyran bolmagynyň mümkindigi baradaky aýyplamalar boýunça ABŞ-nyň Moskwa garşy jogap çärelerini yglan etjekdigini habar berýär. Merkezi Aňtaw Agentligi we beýlekiler bu haker hüjümleri bilen Donald Trampyň ýeňmegine hemeýat edilendigini aýdýarlar.

Habar agentlikleri atlandyrylmasyzlygyny soran ABŞ resmilerine salgylanyp, çäreleriň arasynda ykdysady sanksiýalaryň salynmagy, belli hakerlere aýyplamalaryň ýöňkelmegi, rus diplomatlaryna garşy çäklendirmeleriň girizilmegi ýaly çäreleriň bolup biljekdigini aýdýarlar.

Federal Derňew Býurosy, Merkezi Aňtaw Agentligi we Milli Aňtawlygyň Direktorynyň Edarasy 8-nji noýabrdaky prezidenlik saýlawlaryndan öň Demokratik partiýanyň guramalaryna edilen haker hüjümleriniň arkasynda Russiýanyň durandygyny aýdýarlar.

Merkezi Aňtaw Agentligi haker hüjümleriniň we maglumat syzdyrmalarynyň Donald Trampyň Hillari Klintondan üstün çykmagy üçin edilendigini aýtdy.

ABŞ-nyň aňtaw gulluklarynyň netijelerine garamazdan, prezidentlige saýlanan Tramp Russiýanyň goşulandygy baradaky garaýyşlara şübheli garaýandygyny aýtdy.

Respublikan senatorlary Jon McCain, Lindseý Graham, şeýle-de demokrat Amy Klobuçar haker hüjümi üçin Russiýa garşy berk çäreleriň görüljekdigini aýtdylar.

“[100 senatordan] 99-sy muny ruslaryň edendigine ynanýandygyny aýdyp biljek. Biz munuň bilen baglylykda bir zatlary etmeli bolarys” diýip, Graham 28-nji dekabrda aýtdy.

Ol Russiýanyň “tutuş dünýä boýunça demokratiýanyň oňurgasyny ýazdyrmagy maksat edinýändigini” aýtdy.

“Her zadyň çeni-çaky bar. Indi Russiýanyň muňa düşünmegine wagt ýetdi” diýip, Graham sözüne goşdy.

Tramp ABŞ-nyň Russiýa garşy sanksiýalary girizmeli däldigi baradaky garaýyşa ýykgyn edýäne çalym edýär.

Ýakynda prezident Barak Obama “Russiýanyň ABŞ saýlawlaryna goşulmagyna garşy çäreleri geçirmelidiris we geçireris” diýip çykyş etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG