Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türk žurnalisti twit üçin tussag edildi


Ahmet Sik
Ahmet Sik

Türkiýede belli derňewçi žurnalist sosial medialarda, şol sanda Twitterde ýerleşdiren maglumatlary üçin tussag edildi.

Hökümetiň tankytçysy Ahmet Sik döwlete, onuň harbylaryna we polisiýa işgärlerine “töhmet atmakda”, şeýle-de “terrorist propagandasyny” ýaýratmakda aýyplandy.

Şeýle-de Stambulda Kürtleriň tarapynda çykyş eden “Özgur Gündem” gazetiniň dokuz işgäriniň, şol sanda kyssaçy Asli Erdoganyň, ýazyjy Nejmiýe Alpaýyň üstünden sud işleri başlandy. Olaryň işlän “Özgür Gündem” neşiri şu ýylyň başynda ýapylypdy. Olar gadagan edilen Kürdistanyň Işçiler Partiýasynyň agzasy bolmakda aýyplanýarlar.

Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän Žurnalistleri Goramak boýunça Komitetiň maglumatlaryna görä, şu ýylyň iýulynda Türkiýede başa barmadyk harby agdarylyşykdan soň, ýurt boýunça 81 žurnalist tussag edilipdir.

Adam hukuklaryny goraýjy halkara toparlar prezident Rejep Taýyp Erdogany agdarylyşyk synanyşygyny bahana edip, dissidentlere garşy göreşi başlatmakda aýyplaýarlar.

XS
SM
MD
LG