Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin: Russiýa ABŞ-nyň hiç bir diplomatyny ýurtdan çykarmaz


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin.
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin.

Rus prezidenti Wladimir Putin, Russiýa Birleşen Ştatlar tarapyndan orsýetli 35 diplomatyň ýurtdan çykarylmagyna jogap hökmünde ABŞ-nyň hiç bir diplomatyny ýurtdan çykarmaz diýdi.

Mundan öň, 29-njy dekabrda prezident Barak Obamanyň administrasiýasy Birleşen Ştatlarda diplomat derejesinde işleýän Russiýanyň 35 raýatyny ýurtdan çykardy we ýurtdaky iki diplomatik birleşmesini ýapdy. Waşington bu 35 sany orsýetlini aňtawçy diýip atlandyrdy.

Birleşen Ştatlar orsýetli diplomatlara garşy bu sanksiýalary, Waşingtonyň aýtmagyna görä, ABŞ-nyň prezident saýlawlaryny bulaşdyrmak üçin rus hakerleriniň eden hüjümlerine we Russiýadaky ABŞ diplomatlarynyň ynjalyksyz edilmegine gaýtawul diýip güýje girizdi.

Munuň yz ýany bilen, Moskwa Birleşen tarapyndan Russiýanyň diplomatlaryna we howpsuzlyk gulluklaryna garşy girizilen täze sanksiýalara görä “barabar jogap” berer diýip, rus resmileri aýdypdylar.

Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow 30-njy dekabrda beren maglumatynda “bu ýerde özara prinsipleriň hiç bir alternatiwasynyň ýokdugyny” aýdyp, prezident Wladimir Putin Russiýanyň nähili jogap berjekdigini kesgitlär diýipdi.

Şeýle-de, Peskow Moskwa sanksiýalaryň prezidentlik möhleti ýene bir aýdan hem az wagtyň dowamynda tamamlanýan Barak Obama tarapyndan güýje girizilendigini göz öňünde tutar diýdi.

“Aslynda, bu ýagdaý ol ýa-da beýleki görnüşde göz öňünde tutular” diýip, Peskow belläpdir.

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 30-njy dekabrda beren maglumatynda öz ministrliginiň Putine Birleşen Ştatlaryň Moskwadaky 31 we Sank-Peterburgdaky ABŞ konsulhanasynyň dört diplomatynyň ady ýazylan sanawy ugradandygyny we ar alyş hökmünde olary ýurtdan çykarmagy maslahat berendigini aýtdy.

Şeýle-de, Lawrow Moskwadaky ammary we Birleşen Ştatlaryň işgärleri tarapyndan ulanylýan paýtagtyň “Serebrýany Bor” diýlip atlandyrylýan tokaýlyk sebitindäki dynç alyş öýüni ýapmagy hem maslahat berendigini belledi.

Russiýa özüniň ABŞ-daky saýlaw kampaniýasy döwri Demokratik partiýanyň e-meýlleriniň syzdyrylmagyna gatnaşanlygy barada Birleşen Ştatlaryň kanun goraýjy organlary we aňtaw resmileri tarapyndan ýöňkelýän aýyplamalary äsgermän gelýärdi.

Birleşen Ştatlaryň prezidentligine saýlanan Donald Tramp Russiýanyň howpsuzlyk güýçleriniň kompýuterlere haker hüjümleri edip, onuň bäsdeşi we Birleşen Ştatlaryň öňki Döwlet sekretary Hillari Klinton barada gizlin maglumatlary syzdyran bolmagynyň mümkindigi baradaky aýyplamalara yzygiderli şübhe bildirip gelýär.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Maria Zaharowa 30-njy dekabrda Facebook sosial ulgamynda ýazan maglumatynda Moskwanyň rus paýtagtyndaky anglo-amerikan mekdebi ýapmagy planlaşdyrýandygy barada Birleşen Ştatlaryň “CNN” telekanalynyň beren maglumatlaryny ret etdi.

“Bu düýbünden ýalan. Görnüşinden Ak tam doly aklyndan azaşdy we öz çagalaryna garşy gadaganlyk girizip başlady” diýip, Zaharowa ýazdy.

29-njy dekabrda Donald Tramp beýanat ýaýradyp, “biziň ýurdumyzyň has uly we gowy zatlar üçin hereket etmeginiň wagty geldi” diýdi. Emma şol bir wagtda, ol “ýagdaýyň faktlaryndan habarly bolmak üçin öňümizdäki hepde aňtaw jemgyýetiniň liderleri bilen duşuşjakdygyny” hem tassyklady.

Bu aralykda, rus mediasy Birleşen Ştatlaryň hökümeti tarapyndan 72 sagadyň dowamynda ýurtdan çykmaly edilen orsýetli diplomatlaryň Russiýa dolanmagyny guramalaşdyrmakda kynçylyklaryň bardygyny habar berdi.

Ady köpçülige mälim edilmeýän rus diplomatynyň “Interfax” habar agentligine beren maglumatyna görä, Birleşen Ştatlardan çykmaly edilen rus diplomatlary Täze ýyly öýlerine tarap ýolda garşy aljaga meňzeýär.

XS
SM
MD
LG