Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stambul: YD hüjüme jogapkärdigini boýun aldy


Reina gijeki klubunyň kamerasy bolan hüjümi surata düşürdi, Stambul, 1-nji ýanwar, 2017.
Reina gijeki klubunyň kamerasy bolan hüjümi surata düşürdi, Stambul, 1-nji ýanwar, 2017.

“Yslam döwleti” (YD) atly söweşiji topar Täze ýyl gijesinde Stambulyň gijeki klubunda 39 adamyň ölümine we onlarça adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

“Yslam döwleti” toparynyň 2-nji ýanwarda ýaýradan beýannamasynda “hristianlaryň dine ters gelýän öz baýramçylygyny” bellän wagtynda “halifatyň esgerleriniň” öz hüjümini amala aşyrandygyny aýtdy.

Türkiýäniň “Hurriýet” we “Karar” gündelik neşirleriniň 2-nji ýanwarda irden habar bermegine görä, ýurduň howpsuzlyk resmileri hüjüme YD toparynyň gatnaşygyny çak edipdi. Şeýle-de, neşirler güman edilýän hüjümçileriň özbegistanly ýa-da gyrgyzystanly bolmagynyň ähtimaldygyny habar beripdi. Polisiýa gaçmagy başaran bir hüjümçini gözleýär.

Türkiýäniň resmileri heläk bolan 39 adamdan 24 adamyň daşary ýurtlulardygyny aýdýarlar. Heläk bolanlaryň arasynda Orsýetiň, Saud Arabystanynyň, Kanadanyň, Iordaniýanyň, Liwanyň, Tünisiň, Hindistanyň we ýene birnäçe ýurduň raýatlarynyň bolandygy aýdylýar.

Täze ýyl gijesinde sagat bir töwereginde hüjümçiler Stambulyň Ortakoý etrabynda Reina gijeki klubunyň girelgesinde bir polisiýa ofiserini we ýene bir adamy atyp öldürdiler we 500-700 çemesi adamyň baýramçylygy belleýän jaýynyň içine girip ot açdylar.

XS
SM
MD
LG