Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Trampyň sözçüsi Orsýetiň ABŞ-nyň saýlawlaryna täsirini ret etdi


ABŞ-nyň saýlanan prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň saýlanan prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň saýlanan prezidenti Donald Trampyň metbugat-wekili Orsýetiň hakerlik bilen bagly hereketiniň noýabr aýynyň saýlawlaryna täsir ýetirendigini görkezýän hiç hili subutnamanyň ýokdugyny aýtdy.

“Orsýetiň saýlawlara täsiri barada pikiriň ýaýramagynda medianyň oýnan roly bar. Bu ýerde olaryň hakykatdan hem saýlawlara täsir ýetirendigine asla subutnama ýok”, diýip 2-nji ýanwarda Sean Spiser Fox News kompaniýasyna aýtdy.

Trampyň 20-nji ýanwarda prezident wezipesine geçmeginden soň Ak Tamyň metbugat-wekili boljak Spiser “hakerlik edileni ýalan” we “adamlar muňa goşulyşmaly däl” diýdi. Emma ol geçen dynç günlerinde Trampyň aýdanlaryny gaýtalap, kiber hüjümde Orsýetiň aýyplanmagyna garşy çykdy.

Prezident Barak Obama Orsýetiň gatnaşygynyň anykdygyny aýtdy we geçen hepdede 35 sany orsýet diplomatyny ýurtdan çykardy we Orsýete garşy täze sanksiýalary girizdi. ABŞ-nyň syýasy partiýalarynyň ikisiniň hem kanun çykaryjylary Obamanyň kararyny goldadylar.

XS
SM
MD
LG