Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

YD-nyň täze ýyl hüjümleriniň pidasy köpeldi


Sadr şäherçesinde bolan partlamanyň netijesi, 2-nji ýanwar, 2016.
Sadr şäherçesinde bolan partlamanyň netijesi, 2-nji ýanwar, 2016.

“Yslam döwleti” (YD) topary Bagdatda we Yragyň beýleki şäherlerinde täze ýylyň başynda birnäçe hüjümleri amala aşyrdy we ençeme adamy öldürdi.

2-nji ýanwarda Bagdatda bolan partlama zerarly azyndan 35 adam wepat boldy we onlarça adam ýaralandy. Awtoulagda goýlan bombanyň partladylmagynda amala aşyrylan bu partlamanyň şäheriň demirgazygynda şaýylaryň köplük bolup ýaşaýan Sadr şäherçesinde günlükçi işgärleriň toplanýan ýerinde ýüze çykandygy habar berilýär.

Bagdatdan 100 kilometr uzaklykda ýerleşýän Samarrada, resmileriň sözlerine görä, janyndan geçen hüjümçileriniň şehit keltekçelerine geýnen ençeme ýaragly adam 2-nji ýanwarda iki sany polisiýa bölümine hüjüm edip, azyndan ýedi sany polisiýa wekilini öldüripdir.

Häzirki wagtda Mosul şäheriniň üstünde hökümet güýçlerine garşy söweşýän YD topary soňky hüjümleriň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

“Yslam döwleti” toparynyň soňky günlerde amala aşyran hüjümleri esasan şaýylaryň ýaşaýan ýerlerine gönükdirildi.

XS
SM
MD
LG