Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa jeňçileri parahatçylyk gepleşiklerini duruzdylar


Siriýada jeňçiler garymlary gazýarlar.

Siriýanyň gozgalaňçy toparlary 2-nji ýanwarda gijara özleriniň Orsýet tarapdan goldalýan parahatçylyk gepleşiklerine gatnaşmak barada barýan maslahatlary duruzýandyklaryny yglan etdiler. Bu atyşyklary bes etmek boýunça dört gün bäri ýerine ýetirilýän ylalaşygy Siriýa hökümetiniň bozýandygy bilen düşündirildi.

Hökümet güýçleri Damaskyň we Alepponyň suw üpjünçiligini howpsuzlandyrmak maksady bilen bu şäherleriň töwereginde amala aşyrýan hüjümlerini 2-nji ýanwarda güýçlendirdiler.

Gozgalaňçy toparlaryň beýannamasynda Siriýa goşunynyň we Eýran tarapdan goldanylýan ýarym harbylaryň territorial taýdan ilerlemegi, haýsy forma-da hem bolsa, parahatçylygy ornaşdyrmak boýunça barýan tagallalaryň, şeýle hem atyşyklary bes etmek barada Orsýet we Türkiýäniň araçylygy bilen 30-njy dekabrda güýje giren ylalaşygyň soňlanmagyna getirer diýilýär.

“Režim we onuň ýaranlary atyşygy dowam etdirip, gazaply hereketleriň gerimini giňeltmek bilen ýüz müňlerçe adamyň janyna howp salýar” diýlip, esasan aram gozgalaňçylary öz içine alýan Erkin Siriýa goşunyna degişli toparlar tarapyndan gol çekilen beýannamada bellenýär.

Uruşda birek-birege garşy taraplary goldaýan Orsýet bilen Türkiýe üstümizdäki aýyň aýaklarynda gazak paýtagty Astanada parahatçylyk gepleşiklerini ýola goýmak üçin iş alyp barýarlar. Muny Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşi-de goldaýar.

Ýöne Orsýet bilen Türkiýäniň araçylygynda parahatçylyk gepleşiklerine ýol açmak üçin atyşyklary bes etmek ylalaşygy, öňki ylalaşyklar ýaly, turuwbaşdan gowşap ugrady. Ol dowamly bolmasa-da, dürli ýerlerde häli-şindi diýen ýaly bozuldy.

Bu bolsa gozgalaňçy toparlaryň Orsýetiň Siriýa hökümetini we onuň eýranly ýaranlaryny atyşyklary bes etmek ylalaşygyna tabyn galmaga mejbur edip biljekdigini sorag astyna almagyna getirdi.

Gozgalaňçy toparlaryň beýannamasynda aýdylmagyna görä, ylalaşygyň has köp bozulýan ýeri Damaskyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän we gozgalaňçylaryň elindäki Wadi Barada jülgesinde bolýar. Bu ýeri hökümet güýçleri bilen Eýran tarapdan goldalýan liwanly “Hizbullah” topary öz kontrollygyna geçirmäge synanyşýar. Sebäbi Damasky suw bilen üpjün edýän esasy çeşmeler şu jülgede ýerleşýär.

XS
SM
MD
LG