Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bagdat: Partlama zerarly azyndan alty adam wepat boldy


Bagdadyň Al-Obaidi etrapçasynda metjidiň golaýynda bomba partlamasy boldy, 5-nji ýanwar, 2017
Bagdadyň Al-Obaidi etrapçasynda metjidiň golaýynda bomba partlamasy boldy, 5-nji ýanwar, 2017

Yragyň paýtagtynda şaýylaryň köplük bolup ýaşaýan ýerinde bolan bomba partlamasy zerarly azyndan alty adam wepat boldy, diýip resmiler habar berdi.

Polisiýanyň aýtmagyna görä, 5-nji ýanwarda Bagdadyň gündogar böleginde metjidiň golaýynda ýerleşdirilen içi partlaýjy serişdeli awtoulag partladylypdyr.

Al-Obaidi etrapçasynda bolan bu partlamanyň jogapkärçiligini hiç kim öz üstüne almady.

Soňky hepdelerde Bagdatda bolan we onlarça adamyň wepat bolmagyna getiren partlamalaryň ençemesiniň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” atly (YD) ekstremist topar öz üstüne aldy.

Soňky hüjüm ABŞ-nyň howa hüjümleriniň goldawyna daýanýan Yragyň howpsuzlyk güýçleriniň we ýaragly toparlaryň Mosul şäherini YD toparynyň söweşijileriniň elinden gaýdyp almak boýunça alyp barýan söweşlerine gabat geldi.

XS
SM
MD
LG