Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran öňki prezident Rafsanjaniniň hatyrasyna üç günlük ýas tutýar


Eýranyň öňki prezident Akbar Haşemi Rafsanjaniniň hatyrasyna matam çäresi, Tähran, 9-njy ýanwar, 2017

Eýranda öňki prezident Akbar Haşemi Rafsanjaniniň hatyrasyna üç günlük ýas yglan edildi. Rafsanjani 8-nji ýanwarda 82 ýaşynda aradan çykdy.

9-njy ýanwarda Prezident Hassan Rohani we ýurduň hökümeti Tähranyň Jamaran merkezinde yslam respublikasynyň esaslandyryjysy Aýatolla Rohullah Homeininiň köşgünde Rafsanjaniniň hatyrasyna geçirilen matam çäresine gatnaşdylar.

1989-njy ýyldan 1997-nji ýyla çenli Eýrany dolandyran Rafsanjani 10-njy ýanwarda topraga beriler. Bu sene ýurtda resmi dynç alyş güni diýlip yglan edildi.

Rafsanjani Eýranyň parlamentiniň, täsirli ruhanylarynyň we Gözegçiler geňeşiniň arasyndaky dawalary çözmek maksatly döredilen Synçy geňeşine baştutanlyk edipdi.

Eýranly adam hukuklaryny goraýjy, aklawçy we Nobel baýragynyň laureaty Şirin Ebadi Rafsanjaniniň prezident bolan döwründe “adam hukuklary bilen bagly betbagtçylyklaryň ençemesinden” hiç bolmanda habarly bolandygyny belledi.

“Şeýlelikde onuň adam hukuklary babatyndaky işlerine pozitiw garap bolmaýar”, diýip Ebadi AÝ/AR-na beren interwýusynda aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG