Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň öňki prezidenti Rafsanjani Tähranda jaýlandy


Eýranyň baş ruhany lideri Aýatolla Ali Hamenei Rafsanjaniniň tabydynyň üstünde aýat okady, Tähran, 10-njy ýanwar, 2017.
Eýranyň baş ruhany lideri Aýatolla Ali Hamenei Rafsanjaniniň tabydynyň üstünde aýat okady, Tähran, 10-njy ýanwar, 2017.

Eýranyň öňki prezidenti Akbar Haşemi Rafsanjani 10-njy ýanwarda Tähranda jaýlandy.

Eýranlylaryň ýüzlerçe müňi Rafsanjani bilen hoşlaşmak üçin Tähranyň Uniwersitetiniň daşynda jemlendiler. Bu gün resmi taýdan dynç güni diýlip yglan edildi.

1989-njy we 1997-nji ýyllaryň aralygynda Eýranyň prezidenti bolan Rafsanjani ýüregindäki kemçilik sebäpli 8-nji ýanwarda 82 ýaşynda aradan çykdy.

Eýranyň baş ruhany lideri Aýatolla Ali Hamenei Rafsanjaniniň tabydynyň üstünde aýat okady.

Döwlet telewideniýesi Hameneýiniň reformaçy hasaplanan Rafsanjani bilen “aratapawutlaryna” garamazdan, matam çäresine gatnaşandygyny habar berdi. Resmi çärä prezident Hassan Rohani, parlamentiň spikeri Ali Larijani we beýleki döwlet resmileri gatnaşdylar.

XS
SM
MD
LG