Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama hoşlaşyk çykyşyny etdi


Obama özüniň hoşlaşyk çykyşyny etdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:00 0:00

Obama özüniň hoşlaşyk çykyşyny etdi

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama 10-njy ýanwarda geçiren hoşlaşyk çykyşynda ýurdy öňküsinden has güýçli ýagdaýa getirip, wezipesinden gidýändigini, emma amerikanlaryň Amerikanyň maksat we güýç birligini dargatmaga howp abandyrýan ýiti bölünmäni ýeňip geçmegi üçin köp işlemeli boljakdygyny aýtdy.

Obama özüniň Eýran bilen baglaşan ýadro ylalaşygyny, “Al-Kaýda” hereketiniň lideri Osama bin Ladeniň öldürilmegini we amerikan ykdysadyýetiniň gaýtadan janlanmagyny özüniň gazanan iň uly üstünlikleriniň hatarynda agzap, olara gowy baha berdi.

Şeýle-de, ol özüniň sekiz ýyl prezidentlik eden döwründe öz tarapdarlarynyň pikir edeninden has köp işi amala aşyran bolmagynyň mümkindigini hem sözüniň üstüne goşdy.

“Ähli tarapdan diýen ýaly, Amerika biziň başlan wagtymyzdakydan has gowy we güýçli ýerde. Biz iň baý, iň güýçli we iň sylanýan halk bolup galýarys” diýip, Obama aýtdy.

Obama immigrantlaryň arzalarynyň ret edilmegini howp hökmünde belläp, Amerikanyň iň başdan bäri immigrantlaryň döwleti bolandygyny hem-de özüniň ykdysady we medeni güýjüniň aglabasyny ýurduň çäklerinde birleşen jynslaryň we halklaryň gatyşmagyndan alýandygyny nygtady.

“Biziň ýaşlarymyz we ýolumyz, biziň köpdürliligimiz we açyklygymyz, biziň töwekgelçilige we täzeden oýlap tapyşa bolan çäksiz başarnygymyz geljegiň biziňki boljakdygyny aňladýar. Emma şol potensial diňe biziň demokratiýamyz işleýän we biziň syýasatymyz halkyň dogruçyllygyny şöhlelendirýän mahaly durmuşa geçiriler” diýip, Obama aýtdy.

Dünýäniň daralmagy, deňsizligiň ösmegi, demografik özgerişlik we terrorizmiň gerimine sebäp bolan bölünişik indi Birleşen Ştatlaryň demokratiýasyna wehim salýar. Bu ýagdaý raýdaşlygyň elementar düşünjesini talap edýär. Biziň daşky tapawutlylyklarymyza garamazdan, biziň hemmämiz bile. Biz ýykylsagam ýa-da galsagam, bu ýagdaý bilelikde amala aşar” diýip, Obama nygtady.

Obama amerikanlary özlerinden tapawutly görünýän we pikir edýän adamlara garşy amala aşyrylýan diskriminasiýa, izolýasiýa we bölünişik ýaly “ýiti” tendensiýalara garşy göreşmek üçin öz üstünde, şeýle-de hökümet we beýleki guramalar bilen işlemäge çagyrdy.

“Men biz ýaly watançylykly musulman amerikanlara garşy diskriminasiýany ret edýärin” diýip, Obama aýtdy. Şeýle-de, ol aç-açan akýagyz amerikanlara salgylanyp, “şol goňur çagalar Amerikanyň işçi güýjüniň barha köp bölegini emele getirerler” we olar kabul edilmelidirler diýdi.

XS
SM
MD
LG