Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Trampyň kömekçileri Putin sammiti planlaryny ret edýär


Montenegro. Donald Tramp we Wladimir Putin plakaty.
Montenegro. Donald Tramp we Wladimir Putin plakaty.

Saýlanan prezident Donald Trampyň baş kömekçileri çap edilen habary, täze prezidentiň ilkinji daşary ýurt saparynda Islandiýada rus prezidenti Wladimir Putin bilen sammit geçirjekdigi barada aýdylýanlary ret etdiler.

Ak tamyň geljekki metbugat sekretary Sean Spicer 14-nji ýanwardaky twitinde «Sunday Times of Londonyň» Tramp britan resmilerine özüniň Putin bilen duşuşmagy planlaşdyrýandygyny aýtdy diýen habarynyň «dogry däldigini we 100 prosent galpdygyny» aýtdy.

Gazetiň habarynda aýdylmagyna görä, bu diýilýän sammit Islandiýanyň paýtagty Reýkýawikde bolmaly. Beýleki neşirler, şol sanda «Bloomberg» hem, london neşiriniň habaryna esaslanyp, Islandiýadaky Tramp-Putin duşuşygy barada makala ýazdy.

«Bu aýdylýanlar fantaziýa» diýip, Trampyň kömekçileriniň biri, adynyň aýdylmazlyk şerti bilen, «Roýter» habar gullugyna aýtdy. Trampyň ady aýdylmadyk ýene bir kömekçisi bu habary ýalana çykardy diýip, «Roýter» ýazdy.

Birleşen Ştatlaryň 45-nji prezidenti hökmünde 20-nji ýanwarda işe başlamaly Tramp Orsýet bilen gatnaşyklary gowulaşdyrmak isleýändigini aýtdy we Putiniň ýolbaşçylyk sypatlaryny öwdi.

XS
SM
MD
LG