Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýden halkara jemgyýetini rus agressiýasyna garşy durmaga çagyrdy


Birleşen Ştatlaryň wise-prezidenti Joe Baýden
Birleşen Ştatlaryň wise-prezidenti Joe Baýden

Birleşen Ştatlaryň wise-prezidenti wezipesinde Kiýewe soňky saparyny amala aşyrýan Joe Baýden halkara jemgyýetini, onuň sözlerine görä, rus agressiýasyna garşy durmaga hem-de prezident saýlanan Donald Trampyň geljekki administrasiýasyny Ukrainanyň güýçli tarapdary bolmaga çagyrdy.

Baýden soňky sekiz ýylyň dowamynda Kiýewe altynjy hem-de 2013-2014-nji ýyllarda prezident Wiktor Ýanukowiçiň häkimiýetden çetleşmegine we Günbatara tarapdar hökümetiň döwlet başyna geçmegine sebäp bolan Ýewromaýdan protestlerden bäri bäşinji saparyny amala aşyrýar.

Ol Moskwa 2015-nji ýylda Minskde gelnen parahatçylyk ylalaşygyna laýyklykda, öz borçnamalaryny doly berjaý edýänçä, Birleşen Ştatlaryň Russiýa garşy girizen sanksiýalary öz güýjünde galmalydyr diýdi.

Bu sanksiýalar Russiýanyň Krym ýarymadasyny basyp almagyna we onuň gündogar Ukrainadaky Moskwa tarapdar separatistler bilen ukrain hökümet güýçleriniň arasyndaky urşa gatyşmagyna gaýtawul hökmünde güýje girizilipdi.

XS
SM
MD
LG