Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystan uçar heläkçiliginiň pidalarynyň hatyrasyna matam tutýar


Boeing 747 kysymly uçaryň heläkçilige uçran ýeri, Bişkegiň daşyndaky Daça-Suu atly ýer, 16-njy ýanwar, 2017.
Boeing 747 kysymly uçaryň heläkçilige uçran ýeri, Bişkegiň daşyndaky Daça-Suu atly ýer, 16-njy ýanwar, 2017.

17-nji ýanwarda Gyrgyzystan paýtagt Bişkegiň daşynda bolan uçar heläkçiliginiň pidalarynyň hatyrasyna matam tutýar.

Türkiýäniň ýük uçary Manas halkara aeroportunyň golaýynda 16-njy ýanwarda ýere gaçyp, bir obanyň üstüne düşdi. Uçar heläkçiligi zerarly 38 ýerli ýaşaýjy wepat boldy. Heläk bolanlaryň arasynda 17 çaga we uçaryň dört ekipaž agzasy bar.

Gyrgyzystanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministri Kubatbek Boronow daşyň aşagynda has köp adamyň galan bolmagynyň ähtimaldygyny aýtdy.

Saglyk ministrligi 13 adamyň keselhanalarda galýandygyny aýdýar. Heläkçilige uçran Boeing 747 kysymly uçar Hong Kongdan Stambula barýardy.

Häkimiýetler deslapky netijeleriň uçar sürüjisiniň ýalňyşlygynyň heläkçilige sebäp bolandygyny görkezýändigini aýdarlar.

XS
SM
MD
LG