Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Estoniýa, Litwa ABŞ bilen harby gatnaşyklar boýunça ylalaşyk baglaşdylar


"Demir galkan 16" türgenleşigi, Wilnýus, 2-nji dekabr, 2016.

17-nji ýanwarda Estoniýa we Litwa saýlanan prezident Donald Trampyň häkimiýet başyna geçmeginiň öňüsyrasynda ABŞ bilen harby gatnaşyklary goldamak boýunça ädim etdiler.

Baltiýa regionynyň bu iki döwleti ABŞ bilen goranmak boýunça ikitaraplaýyn ylalaşyklara gol çekdiler. Ýurtlaryň goranmak ministrlikleriniň aýtmagyna görä, bu dokumentler ýurtlaryň territoriýalarynda ABŞ-nyň goşunlarynyň bolmagyny resmileşdirýär.

Baltiýa regionynyň üçünji ýurdy Latwiýa ABŞ bilen goranmak boýunça ylalaşyga geçen hepdede gol çekipdi.

Bu ylalaşyk ABŞ-nyň goşunlarynyň ýurtlarda ýerleşdirilmegini ýeňilleşdirýär we bilelikdäki türgenleşikleriň geçirilmegine rugsat berýär.

Biz amerikan goşunlarynyň Litwada bolmagyna gyzyklanma bildirýäris we bu biziň howpsuzlygymyzyň esasy elementleriniň biridir” diýip, goranmak ministri Raimundas Karoblis aýtdy.

ABŞ-nyň saýlanan prezidenti Donald Tramp Latwiýany, Estoniýany, Litwany Birleşen Ştatlary we dünýäniň ýene 24 ýurduny bilen birleşdirýän NATO guramasyny “ömri geçen” diýip atlandyrypdy.

Trampyň bu sözleri Orsýetiň Ukrainanyň Krym ýarym adasyny basyp almak we gündogar Ukrainada separatistleri goldamak ýaly hereketlerine howatyrlanma bildirýän Baltiýa döwletlerinde aladalanmalary güýçlendirdi.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG