Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda dereksiz ýiten aktiwistleriň “ýaman niýetli” hüjüme sezewar bolandygy aýdylýar


Pakistanda ýitirim edilen aktiwistleriň garyndaşlary metbugat-konferensiýasynda çykyş etdiler, Yslamabat, 18-nji ýanwar, 2017.

Pakistanda ýitirim edilen bäş aktiwistiň maşgalalary sosial mediada olary dine dil ýetirmekde günäläp alnyp barylýan kampaniýanyň “ýaman niýetlidigini” aýtdylar. Dine dil ýetirmek aýyplamasy Pakistanda ölüm howply netijeleri döredip bilýär.

Pakistanda dini çydamsyzlyga garşy çykyş eden we harbylary tankyt eden bäş adam şu aýyň başyndan bäri birnäçe gün aratapawut bilen ýitirim edildiler.

Hiç bir topar olaryň dereksiz ýitmeginiň jogapkärçiligini öz üstüne almady, howpsuzlyk agentlikleri hem öz gatnaşygyny ret etdiler.

Şol bir wagtyň özünde-de, Facebook we Twitter sosial ulgamlarynda aktiwistleri dine dil ýetirmekde aýyplamak boýunça edilen çykyşlar olaryň adyna haýbat atylmagyny öjükdirdi.

“Bu kampaniýa biziň agyr ýagdaýymyza we hossarlarymyzyň ýagdaýyna bildirilýän duýgudaşlygy gowşatmak niýeti bilen edilýän hereketden başga zat däl” diýip, Salman Haideriň we Wakkas Goraýanyň garyndaşlary 18-nji ýanwarda Yslamabatda geçirilen metbugat-konferensiýasynda aýtdy.

Çepçi garaýyşly ýazyjy we professor Salman Haider, liberal bloggerler Wakkas Goraýa, Aasim Saeed we Ahmed Raza Naseer, şeýle-de Karaçiniň ekstremizme garşy aktiwist toparynyň başlygy Samar Abbas ýanwar aýynyň başynda ýitirim edildiler.

XS
SM
MD
LG