Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe: Assady Siriýanyň parahatçylyk ylalaşygyna goşmazlyk indi "realistik" däl


Prezident Başar al-Assad interwiýu berýär
Prezident Başar al-Assad interwiýu berýär

Türkiýäniň premýer-ministriniň orunbasary Siriýa konfliktiniň çözgüdine prezident Başar al-Assady goşmaly däl diýip ak depmek indiden beýläk «realistik» däl diýdi.

Türkiýäniň Orsýet bilen bilelikde howandarlyk edýän Siriýa parahatçylyk gepleşikleri 23-nji ýanwarda, Astanada başlanýar we Assadyň Siriýada möhüm aktýor bolup galýandygyny öňündenboýun aldy.

Emma premýer-ministriň orunbasary Mehmet Şimşegiň 20-nji ýanwarda aýdan sözleri Ankaranyň Assadyň gyrakladylmagyny öz içine almaýan parahatçylyk gepleşiklerine gatnaşmak islegini ilkinji gezek dile getirişi boldy.

"Biziň Assad baradaky pozisiýamyza gezek gelende, biz siriýa halkynyň gören görgülerinde we betbagtçylyklarynda şübhesiz Assady günäkärleýäris. Emma biz pragmatik, realistik bolmaly" diýip, Şimşek Şweýsariýada, Dawosdaky ykdysady forumda aýtdy.

XS
SM
MD
LG