Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident Trampa garşy global Aýallar ýörişi başlandy


Belgiýa. Aýallar ABŞ-nyň 45-nji presidenti Donald Trampyň inagurasiýa gününde "Hukuk şemleri" atly çärä goşulyp, protest bildiýärler. 20-nji ýanwar, 2017.

Awstraliýada we Täze Zelandiýada müňlerçe adam, Waşingtonda geçirilýän global Aýallar ýörişiniň başyna başlap, ABŞ-nyň täze inagurasiýa edilen prezidenti Donald Trampa garşy protest hereketine goşuldy.

Birnäçe müň aýal we erkek merkezi Sidnidäki herekete goşuldy we Melburnda hem adamlar şuňa meňzeş ýörişe toplandy.

"Ýigrenç, ýigrenç sözi, yňdarmalyk, diskriminasiýa, nälaýyk syýasatlar – bular diňe amerikan prolemalary däl, dünýä problemalary» diýip, Aýallar ýörişiniň Sindnidäki egindeş esaslandyryjysy Mindy Freiband mähellä ýüzlenip aýtdy.

Täze Zelandinýanyň iň uly şäherleri bolanWellingtonda weAucklandda hem ýüzlerçe adam demonstrasiýa çykdy.

Awstraliýada we Täze Zelandiýada ýörişe çykanlar dünýä ýüzünde planlaşdyrylan 600-den gowrak ýygnanyşyklaryň ilkinjileri boldy.

Amerikan aýallary Waşingtonda proteste ýygnanýar

Birleşen Ştatlaryň çar künjeginden bolan aýallar, Birleşen Ştatlaryň täze inagurasiýa edilen prezidenti Donald Trampyň doly işe girişen ilkinji gününde, 21-nji ýanwarda guralýan köpçülikleýin ýörişe goşulmak üçin, Waşingtonda jemlenýärler.

Tramp özüniň ABŞ prezidentligine saýlaw kampaniýasy mahalynda aýallara çemeleşmesi we olar baradaky jemgyýetçilik beýanatlary üçin ýygy-ýygydan tankyt edildi.

Indi, «Aýallaryň ýörişi» diýlip atlandyrylan esasy çärä goşulmak bilen, köp aýal we erkek adam Birleşen Ştatlaryň paýtagtynyň köçelerinde özleriniň Tramp baradaky pikir-duýgularyny aýtmagy planlaşdyrýar.

Birleşen Ştatlaryň beýleki şäherlerinde we dünýäniň beýleki ýurtlarynda hem «raýdaşlyk» diýlip atlandyrylan ýörişleri geçirmek bellenildi.

Gurmaçylar Tramp adminstrasiýasynyň öz seslerini birinji günden eşitmegini isleýändiklerini aýdýarlar.

«Waşingtondaky Aýallar ýörişi biziň täze hökümetimize onuň wezipedäki ilkinji gününde, şeýle-de bütin dünýä aýallaryň hukuklarynyň adam hukuklarydygy barasynda berk habar iberer” diýip, olar womensmarch.com websaýtynda aýdýarlar.

"Öz aramyzda iň bir goragsyzlary goramagyň ählimizi goramakdygyny ykrar etmek bilen, biz bilelikde durýarys" diýip, olar aýdýarlar.

Mundanam başga, atlaryna garamazdan, guramaçylar bu ýörişe diňe aýallaryň däl, isleg bildiren ähli adamyň goşulyp biljekdigini aýdýarlar.

Guramaçylar Waşingtonda guralýan protest çäresine 200 müň adamyň gatnaşmagyna garaşýarlar.

Brýussel: Protestçiler Trampyň aýallara garaýyşlaryny ýazgardy
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:22 0:00

Bu ýöriş inagurasiýa gününiň bir gün soňundan, adatça baýramçylyk bolmaly, emma Waşingtondaky protestler we käbir zorlukly wakalar bilen arasy bozulan çäreleriň arasynda geçirilýär.

Telewideniýe sýužetleri pitnä garşy polisiýanyň şäher merkezinde iş jaýlarynyň aýnasyny döwýän protestçilere garşy burç çüwdürimlerini ulanyp, olaryň käbirini tussag edişini görkezdi.

AFP ol protestçileriň köpüsiniň maskaly we gara eşikli bolandygyny, anarhist baýdaklaryny göterendigini habar berdi.

Paýtagtda bolan başga wakalar hem habar berildi. Polisiýa 20-nji ýanwarda ABŞ-nyň paýtagtynda azyndan 95 adamy tussag etdi.

Aýallar ýörişini gurnaýjylar protestlere goşulýanlaryň parahatçylykly protest bildirmegine çagyrýarlar.

"Batyrgaý adamlaryň durmuş ýoly zorluksyz ýoldur"diýip, olar aýdýar.

Ýörişi gurnaýjylaryň websaýtynda aýdylmagyna görä, dünýä boýunça 673 ýörişiň geçirilmegi planlaşdyrylýar we oňa 2 milliondan gowrak duýgudaşyň goşulmagyna garaşylýar.

Londondaky guramaçylar raýdaşlygyň halkara gününi geçirmäge çagyrdylar.

Moskwadaky guramaçylar hem 21-nji ýanwarda raýdaşlyk ýörişini guramagy planlaşdyrýarlar.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG