Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kreml Trampyň Siriýada 'howpsuz zona' döretmek niýetine ätiýaçly garaýar


Prezident Donald Trump
Prezident Donald Trump

Orsýet Birleşen Ştatlaryň Siriýada «howpsuz zonalary» döretmek planyna seresap reaksiýa bildirip, Waşingtonyň Moskwa bilen bu mesele barada maslahatlaşmandygyny,munuňähli mümkin bolan netijeleriň barlanylmalydygyny aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp 25-nji ýanwarda özüniň Siriýada bosgunlar üçin howpsuz zonalary döretmek niýetiniň bardygyny aýtdy, bu onuň Birleşen Ştatlara gelýän bosgunlaryň sanynyçalasyn azaltmak planlary bilen bagly.

Habarlarda aýdylmagyna görä, Tramp Pentagona we Döwlet departamentine bu barada üç aý içinde plan düzmegi tabşyrypdyr we onuň gelýän günlerde bu barada ýerine ýetiriş buýrugyna gol çekmegine garaşylýar.

"Ýok, biziň amerikan hyzmatdaşlarymyz biz bilen maslahatlaşmady» diýip, Kremliň sözçüsi Dmitriý Peskow 26-njy ýanwarda aýtdy. «Bu özbaşdaklykda gelnen karar» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Peskow bu ideýanyň «mümkin bolan ähli netijeleriniň doly barlanylmalydygyny» aýtdy we «bu planyň bosgunlar bilen bagly ýagdaýy has-da ýaramazlaşdyrmaly däldigini» belledi.

Türkiýe özüniň Siriýada howpsuz zona döretmek ideýasyny hemişe goldaw gelendigini aýdýar, ýöne Ankara ABŞ-nyň plany barada bir zat diýmezden öň ony öwrenmeginiň zerurdygyny aýtdy.

"Bu meseläni öwrenmegiň möhüm tarapy onuň berjek netijeleri we nähili rekomendasiýalaryň gelip çykjagy bilen bagly» diýip, Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Huseýin Müftioglu aýtdy.

"Türkiýe muny turuwbaşdan maslahat berdi. Jarabulus munuň iň gowy nusgasy” diýip, ol Siriýanyň serhet şäherini nazara alyp aýtdy.

Türkiýe tarapyndan goldanylýan pitneçiler awgust aýynda bu şäheri «Yslam döwleti» toparynyň jeňçilerinden yzyna alypdy.

Prezident Tramp 25-nji ýanwarda ABC News telekanalybilen söhbetdeşlikde özüniň Siriýada adamlar üçin howpsuz zonany hökman döretjekdigini aýtdy.

Ol bu karara Ýewropa Bileleşiginiň esasan Siriýadaky raýat urşy sebäpli möwjäp galan bosgun krizisiniň garşysynda durjak bolşunyny synlap gelendigini nygtady.

"Men Ýewropa, millionlap adamyň Germaniýa we beýleki dürli ýurtlara girmegine rugsat berip, ägirt uly ýalňyş goýberdi diýip oýlanýaryn» diýip, Tramp ABC-ä aýtdy.

«Roýters» habar gullugy howpsuz zona baradaky ýerine ýetiriş buýrugynyň taslamasyny görendigini aýdýar.

Tramp prezidentlik kampaniýasy mahalynda şeýle howpsuz zonalaryň gurulmagyna kömek üçin Pars aýlagynyň baý ýurtlarynyň töleg etmegini sorajakdygyny aýdypdy.

XS
SM
MD
LG