Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Holokostyň pidalarynyň matam senesinde 'ýigrenji tutaşdyrmazlyga' çagyryş edildi


BMG-niň adam hukuklary boýunça baş komissary Zeid Raad al Hussein
BMG-niň adam hukuklary boýunça baş komissary Zeid Raad al Hussein

BMG-nyň adam hukuklary boýunça ýolbaşçysy Holokostyň pidalarynyň hatyrasyna geçirilýän matam güni eden çykyşynda anti-semitizmiň we jynsy, dini ýigrenjiň we diskriminasiýanyň ähli görnüşleriniň howpy barada ýatlatdy.

“Nazi režimi ýewreýleri, siganlary, slawýanlary we maýyp adamlary, syýasy dissidentleri, gomoseksuallary we beýlekileri sezewar eden sadistik zulumy propaganda, galplyklar we ýigrenjiň tutaşdyrylmagy arkaly yzly-yzyna öjükdirilipdi” diýip BMG-nuň adam hukuklary boýunça baş komissary Zeid Raad al Hussein 27-nji ýanwarda aýtdy.

Şeýle-de baş komissaryň beýannamasynda bilimiň anti-semitizme, jynsparazlyga we diskriminasiýanyň ähli görnüşlerine garşy göreşde esas bolup biljekdigi aýdylýar.

Holokostyň pidalarynyň matam güni 27-nji ýanwarda, sowet goşunlarynyň nasistleriň Auşwitz konslagerini 1945-nji ýylda azat eden senesinde halkara derejesinde bellenýär.

1933 we 1945-nji ýyllaryň aralygynda Germaniýanyň lideri Adolf Gitleriň Nazi partiýasy tarapyndan guramalaşdyrylan Holokost gyrgynçylygy zerarly alty million çemesi ýewreý we beýleki milletleriň millionlarça wekili heläk edilipdi. Ýewropada ýaşan her 10 ýewreýden ýedisi gyrlypdy.

XS
SM
MD
LG