Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Uruş ukrain şäherine gazap bilen dolandy


Nadia Wolkowa ejesi Katýanyň jesedini barlaýar.
Nadia Wolkowa ejesi Katýanyň jesedini barlaýar.

Awdiýiwka. Nadia Wolkowa gana boýalan garda dyzyna çöküp, 60 ýaşyndaky ejesiniň - Katýanyň jesedini barlaýar.

Kerpiçler top gyýçaklary persala eden jesediň üstüne ýapylan pokrowaly gyş ýeline bermän saklaýar.

24 ýaşyndaky Wolkowa durşuna galdyrap, ejesiniň jansyzelini sypalaýar, onuň gyzaran gözelri ýaşdan doly. Ol ejesiniň jesediniň alnyp gidilmegine garaşýar.

Gündogar Ukrainanyň Awdiýiwka obasyna uruş dört gün öň, gazap bilen dolanyp geldi. 1-nji fewralda, ir sagat 7.30 töwereginde22 müň ilatly şäheriň üstünden raketa ýagmyry indi. Katýa Wolkowa, eje hem ene öýünden çykyp, bazara ugranda, ýolda öldürildi.

Gündogar Ukrainada, bu künjekde ilkinji gezek üç ýyl çemesi öň turan uruş täzeden, hökümet güýçleri bilen Orsýet tarapyndan goldanylýan separatistleriň arasynda, 450 km front liniýasynyň aşagynda hem ýokarsynda ýene möwjäp galdy.

Awdiýiwka onuň zarbasyna has gaty görmeli boldy. Çen bilen 28-nji ýanwardan bäri, hem gije, hem gündiz, top oklary iki tarapdan hem tas kesilmän atyldy.Senagat şäheri aýna gyýçaklarynyň düşelen ýas ýerine aýlandy, ýollaryň gatnawyny bronly maşynlar petikläp, köçelerde ýerli ilata garanda esger köpeldi.

Awdiýiwka, weýran edilen jaý
Awdiýiwka, weýran edilen jaý

Intensiwligi we gandöküşikligiň bilen, bu täze söweş iki ýyl ozal Debaltsewede bolan darkaşy ýatlatdy. Strategik demirýol çatrygynda, bu ýerden 70 km uzaklykda, demirgazyk-gündogarda tutaşan söweş şonda, rus goşunlarynyň we olaryň separatist ýaranlarynyň gabawyna düşen ýüzlerçe ukrain esgeriniň ölümi bilen tamamlandy.

Bu Minsk II diýilýän ýaraşyk ylalaşyklaryna getirdi, emma bu ýerde parahatçylyga meňzeýän hiç zat ýokdy.

Emma Awdiýiwka beýle agyr ýagdaýda däl diýip, öten agşam öz kwartirasynyň golaýyndaky mekdep howlusyna düşen raketalaryň sesine oýanan Petro Iwanowiç aýdýar.

"Bu ýer entek Debaltsewe däl. Entek däl" diýip,Petro aýdýar. Şäheriň beýleki ýaşaýjylarynyň köpüsiniň edişi ýaly, olam diňeadyny we kakasynyň adyny berýär, familiýasyny aýtmaýar.

29-njy ýanwardan bäri iki tarapdan, hem hökümet goşunlaryndan, hem Orsýet goldawyndaky separatistlerden azyndan 10 adam öldürildi.

Ukrain goşuny öten agşamky söweşlerde ýene iki esgeriniň öldürilendigini, azyndan ikisiniň bolsa ýaralanandygyny habar berdi. Bu täze pidalaryň ölenleriň sanawyna goşulyp-goşulmandygy belli däl.

Separtistleriň tarapynda pidalaryň sany yglan edilmedi, ýogsam bolmasa ýokary derejeli komandir üç söweşijiniň, şol sanda komandir ýoldaşynyň öldürilendigini tassyk etdi.

Ýaşaýjylar iki tarapyň hem günäkärdigini aýdýarlar.

“Olar ukrain gahrymanlary diýýärler? Bu nähili gahrymançylyk hereketi boldy!” diýip, başga bir erkek, Wiktor goňşusynyň ýer-bilen ýegsan edilen jaýyna elini uzadyp aýdýar. Ol özüniň bu taraplaryň hiç birini goldamaýandygyny, sebäbi olaryň «ikisiniň arasynda-da jenaýatçylaryň doludygyny» öňe sürýär.

Topa tutmalar zerarly ýigrimi bäş töweregi jaý üçeksiz galdy diýip, Ukrainanyň Milli howpsuzlyk we goranyş geňeşiniň başlygy Oleksandr Turçinow 1-nji fewralda Azat Ýewropa we Azatlyk radiosyna aýtdy.

Top oklary şäheriň elektrik liniýalaryny gyransoň, Awdiýiwkedäki koksohimiýa zawody 20 prosent güýjünde işleýär. Şol bir wagtda şäher tutuşlygyna diýen ýaly toksuz galdy we Selsiýa boýunça -18 gradus sowukda ýyladyş sistemalary ysgyndan gaçdy.

Awdiýiwkanyň koks zawody, şäherdäki iň uly iş beriji bolmak bilen, hem kömüri koksa öwürýär, hem-de ýyladyş sistemalary bilen şähere ýylylyk berýär.

Baş direktor Musa Magomedow, şäheri ýyly saklamak üçin,4,000 işgäriniň wagtyndan kän işleýändigini aýdýar. Emma top oklary elektrigi kesenden soň, zawod diňe 20 prosent güýjünde işleýär diýip, ol gürrüň berdi.

Eger bu zawod ýapylan bolsa, bu şäher boşap galar we bir oba öwrüler diýip, Magomedow aýdýar.

Gyssagara döredilen ynsanperwerçilik kömegi nokadynda günortan 2 müňden gowrak adam gyzgyn çorbanyň, çöregiň we esgerler tarapyndan işledilýän meýdan aşhanasynyň nahary üçin nobat dur. On-on iki adamlyk çadyra bolsa, iki esse kän adam giripdir.

Adatdan daşary ýagdaýlar resmisi Wladislaw Husinskiý 75 adamyň, şol sanda 88 çaganyň ir säherden bäri golaýdaky şäherlere ewakuasiýa edilendigini aýtdy.

Garaňky düşýänçä bu san has köpler, sebäbi golaýdaky Swýatohirsk, Mariupol şäherlerinden hem awtobuslar gelýär.

Emma muňa garamazdan, hemme adam gitmek islemeýär, gitmäge gurby çatmaýanlar-da bar. Pensioner Alla Aleksandrowna gidýän goňşularyna gol salgap hoşlaşýar we özüniň gyzy bilen agtygyna seretmäge galjakdygyny aýdýar. Olar üç bolup aýda 48 dollarlyk pensiýa bilen mydar edýärler.

Donetsk şäheriniň gubernatory Pawlo Žebriwskiý awdiýiwkadaky ynsanperwer kömek merkezinde şäher adamlary bilen duşuşýar. Ol esasan gartaň aýallardan ybarat bolan adamlara häkimiýetleriň elektrigi bejermek, ýyladyş sistemasyny dikeltmek tagallalaryny edýändigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG