Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

TOPH: Türkmenistan Yslam ösüş bankyndan 700 million dollar almak üçin arza tabşyrdy


Çepden saga: Hindistanyň wise-prezidenti Hamid Ansari, Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarif, Owganystanyň prezidenti Aşraf Ghani we Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdymuhamedow TOPH proýektiniň gurluşygyna badalga berýärler, Mary, 15-nji dekabr, 2015.

Türkmenistanyň TOPH proýektiniň maliýe çykdajylary üçin Yslam ösüş bankyndan 700 million dollar möçberinde pul almak üçin arza tabşyrandygy habar berilýär.

Agzalan puluň bir böleginiň proýektiň çäginde harytlaryň, işleriň we konsultasion hyzmatlaryň tölegi üçin sarp ediljekdigi aýdylýar.

2016-njy ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklar boýunça döwlet banky TOPH proýektini maliýeleşdirmek üçin 700 million amerikan dollary möçberinde pul almak barada Yslam ösüş banky bilen ylalaşyk baglaşypdy.

Gurluşygyna 2015-nji ýylyň aýagynda badalga berlip, türkmen gazyny Owganystanyň üstünden Pakistana we Hindistana akdyrmaga mümkinçilik berjek gazgeçirijiniň ulanyşa berliş möhletiniň 1 ýyl, ýagny 2020-nji ýyla çenli yza çekdiriljegi 30-njy ýanwarda habar berlipdi.

Pakistanyň mediasy ýurduň Gaz we Tebigy serişdeler ministrligine salgylanyp, türkmen tarapynyň 2016-njy ýylyň dekabrynda bu proýektiň ähli maliýe meselesini çözmegi boýun alandygyny, emma indi ylalaşyk möhletiniň 2017-nji ýylyň iýunyna süýşürilendigini we şu ýagdaýyň hem gijikmä sebäp bolandygyny habar berdi.

Resmi Aşgabat umumy bahasy 10 milliard dollarlyk TOPH proýektiniň çykdajylarynyň 85% töwereginiň Türkmenistan tarapyndan üpjün ediljekdigini yglan edipdi. Uzynlygy 1814 kilometrlik gaz geçiriji arkaly ýylda 33 milliard m3 gazy akdyrmak göz öňünde tutulýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG