Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Helmand partlamasynda alty adam öldürildi


 Helmanddaky partlama
Helmanddaky partlama

Owganystanyň Helmand welaýatyndaky resmiler 11-nji fewralda, «Talybanyň» janyndan geçen bombaçysynyň ulagyny partlatmagy netijesinde bir çaganyň, owgan milli goşunynyň 5 agzasynyň öldürilendigini aýdýarlar.

Helmand gubernatorynyň edarasy bu partlamada 20 adamyň ýaraly bolandygyny hem habar berdi.

Ýaraly bolanlaryň bäşisi owgan esgeri, 15-si bolsa asuda ilata degişli, olaryň üçüsi çaga, dördüsi aýal, sekizisi bolsa erkek adam.

Helmandyň gubernatorynyň sözçüçi Omar Zwak janyndan geçen bombaçynyň partlamaly maşyny Laşgar Gahdaky Kabul bankynyň ýanyna sürüp, şol ýerde hem ýarandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG