Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rumyniýada hökümete garşy protestler dowam edýär


Rumyniýanyň paýtagty Buharestde hökümete garşy protestler dowam edýär.
Rumyniýanyň paýtagty Buharestde hökümete garşy protestler dowam edýär.

Rumyniýanyň paýtagty Buharestde 70,000 çemesi adam 12-nji fewralda hem hökümete garşy protestlerini dowam etdirdiler. Protestçiler çepçiler tarapyndan dolandyrylýan hökümetiň wezipeden çekilmegine çagyryş etdiler.

Bu demonstrasiýalar ýurduň premýer-ministri Sorin Grindeana we onuň hökümetine garşy indi 13 gün bäri yzygiderli protestleriň geçirilýändigini aňladýar. Rumyniýanyň käbir beýleki şäherlerinde uly bolmadyk protestleriň geçirilýändigi habar berilýär.

Polisiýa, 4-nji fewralda jemi 330,000 adamyň proteste çykandygyny, munuň 1989-njy ýylda, kommunist diktator Nikolaý Çauşesku ýykylaly bäri iň uly demonstrasiýa bolandygyny aýtdy.

1989-njy ýylda kommunist režimiň synmagyna getiren protestlerden bäri guralan iň uly demonstrasiýalar netijesinde hökümet 5-nji fewralda öz kararyny yzyna aldy we bu ýagdaý Adalat ministriniň işden çekilmegine getirdi.

Emma protestçiler köçede galmaklaryny dowam etdirdiler we olaryň köpüsi premýer-ministr Sorin Grindeanuň we onuň hökümetiniň işden çekilmegine çagyrýar.

Hökümet başyndaky Sosial-demokratlar häkimiýete dekabrda gelipdiler. 11-nji fewralda Buhareste, habarlara görä, 3 müň çemesi protestçi toplandy.

XS
SM
MD
LG